Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Hamasyň raketa hüjüminde Ysraýylyň üç raýaty öldi


Penşenbe güni Gaza Sektoryndaky Hamas toparynyň söweşijileriniň atan oklaryndan Ysraýylyň üç sany parahat ýaşaýjysy öldi.

Bu wakada atylan raketa oklaryndan biri Gaza Sektoryndan 25 kilometr töweregi demirgazykda ýerleşýän Kirýat Malaçi ilatly punktundaky bir jaýa degdi.

Munuň özi çarşenbe güni Ysraýylyň Palestinanyň Gaza Sektoryna garşy hüjümlerini güýçlendireli bäri Ysraýylyň çeken ilkinji ýitgileri hökmünde alamatlandy.

Hepdäniň çarşenbe güni Ysraýylyň Gaza Sektoryna garşy amala aşyran güýçli howa hüjümlerinde Hamas toparynyň lideri Ahmed Al-Jabari bilen birlikde ýene 13 adam öldi.

Ysraýylyň premýer-ministri Benýamin Netenýahu Ysraýylyň öz harby operasiýalaryny has giňeltmekligi planlaşdyrýandygyny aýtdy.
XS
SM
MD
LG