Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

“Türkmengaz” Eýrana akdyrylýan gaz bilen bagly beýanat ýaýratdy


Anna güni giçlik Türkmenistanyň “Türkmengaz” döwlet konserniniň metbugat gullugy Eýrana satylýan gaz bilen baglanyşykly ýörite beýanat ýaýratdy.

Bu beýanatda “Türkmengaz” döwlet konserni şu geçen hepde Eýrana akdyrylýan gazyň wagtlaýyn togtadylmagynyň sebäbiniň gazyň nyrhy baradaky ylalaşmazlyklar bilen baglanyşyklydygy barada “Roýter” we “Mehr” habar agentlikleriniň ýaýradan maglumatlaryny ret edipdir.

“Türkmengaz” Eýrana akdyrylýan gazyň geçen hepde hakykatdanam wagtlaýynça togtadylandygyny, emma munuň Eýranyň territoriýasyndaky truboprowodyň remonty bilen baglylykda Tähranyň öz haýyşy esasynda togtadylandygyny aýdýar.

Türkmen tarapy bu remont işleriniň tamamlanmagy bilen, gazyň akdyrylmasynyň indi täzeden ýola goýlandygyny belläpdir. “Türkmengaz” konserni öz beýanatynda Eýran bilen “özara kontraktyň şertleri babatynda nähilidir bir ylalaşmazlyklar ýok” diýip belleýär.

Emma şu geçen hepdäniň çarşenbe güni Eýranyň “Mehr” habar agentligi bu ýurduň nebit ministri Rostam Kaseminiň sözlerine salgylanmak bilen, Türkmenistandan akdyrylýan gazyň wagtlaýynça kesilmegine gazyň bahasy baradaky ylalaşmazlyklaryň sebäp bolandygyny habar beripdi.
XS
SM
MD
LG