Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Eýranyň resmileri BMG-niň ABŞ-daky maslahatyna goýberilmedi


Eýranyň häkimiýetleri BMG-niň Nýu-Ýorkdaky maslahatyna gatnaşmakçy bolan eýranly resmilere Birleşen Ştatlaryň wiza bermekden ýüz öwrendigini aýdýarlar.

Bu barada Eýranyň Adalat ministrliginiň beýanatynda aýdylýar. Ýöne onda näçe resmä wiza berilmändigi barada anyk maglumat berilmeýär.

Maglumata gorä, Eýranyň delegasiýasy BMG-niň sosial we adam hukuklary meselesine bagyşlanan maslahatyna gatnaşmakçy bolupdyr.

ABŞ-nyň Döwlet departamenti wiza meseleleri bilen baglanyşykly ýagdaýlar barada özüniň jemgyýetçilige açyk beýanat etmeýändigini aýdyp, bu bolan waka barada resmi kommentariýa bermekden ýüz öwürdi.
XS
SM
MD
LG