Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ: Obama Birma taryhy sapar edýär


ABŞ-nyň prezidenti Barak Obama Ýangon uniwersitetinde çykyş edýär. Ýangon, 19-njy noýabr, 2012 ý.
ABŞ-nyň prezidenti Barak Obama Ýangon uniwersitetinde çykyş edýär. Ýangon, 19-njy noýabr, 2012 ý.
ABŞ-nyň prezidenti Barak Obama Birma (Maýanmara) edýän taryhy sapary mahalynda birma oppozisiýasynyň lideri Aung San Su Çi bilen duşuşdy.

Obama duşenbe güni Su Çiniň Rangundaky (Ýangondaky) öýüne, 15 ýyla golaý wagt öý tussaglygynda oturan ýerine baryp, ony “demokratiýanyň hajy” diýip atlandyrdy.

Obamanyň Günorta-Gündogar Aziýa ýurduna eden alty sagatlyk sapary iş başyndaky amerikan prezidentiniň bu ýurda eden ilkinji saparydyr.

Maksat depgini saklamak

Obama Su Çä Waşingtonyň Birmadaky reforma ugruny berk goldaýandygyny aýtdy.

“Biziň maksadymyz demokratiýalaşmanyň depginini saklamakdan ybarat. Bu ynamdar hökümet institutlaryny gurmagy, kanunyň hökmürowanlygyny ýola goýmagy, etniki konfliktleri soňlamagy we şu ýurduň adamlarynyň bilim almaga, saglygyny bejertmäge we ykdysady mümkinçiliklere has kän eleterliliginiň bolmagyny aňladýar” diýip, Obama aýtdy.

Birmanyň ýolbaşçylary onlarça ýyl dowam eden harby dolandyryş netijesinde dörän hak-hukusyzlyklary aradan aýyrmaga gönükdirilen dogumly reformalara başladylar.

Prezident Obama Su Çini “demokratiýanyň hajy” diýip atlandyrdy. 19-njy noýabr, 2012 ý.
Prezident Obama Su Çini “demokratiýanyň hajy” diýip atlandyrdy. 19-njy noýabr, 2012 ý.
Su Çi 2010-njy ýylda azat edildi we şondan bäri geçen wagt içinde parlament ornuny gazandy. Harby ýolbaşçylar bolsa, nominal raýat hökümetine ýol açdylar.

Obamanyň sapary azyndan 50 sany syýasy tussagyň, şol sanda tanymal dissident Myýn Aýiň türmeden boşadylmagyna gabat geldi.

Amerikan prezidentiniň bu sapary Birmadaky adamlaryň köpüsi üçin ozal halkara jemgyýetçiligi tarapyndan yzygider ýazgarylyp gelen ýurduň daşarky dünýä açylmagynyň täze bir eýýamynyň başlangyjy bolup görünýär.

Onlarça müň adam, “azatlyk” diýen şygara gygyryp, Birleşen Ştatlaryň prezidentini garşy almak üçin Rangumyň köçelerinde hatara düzüldi.

Emma muňa garamazdan, käbir hukuk goraýjy toparlar birma hökümetiniň 200 çemesi syýasy tussagy henizem türmeden goýbermän saklap, etniki zorluklary dowam etdirmäge dyrjaşýandygyny we Obamanyň saparyna mynasyp bolara ýeterlik iş etmändigini aýdýarlar.

Salgyma aldanmaly däl

Su Çi bu meselede seresaplylygy elden bermän gürledi:

“Islendik geçişde iň kyn pursat biziň üstünlik ynhajykga, gözýeterde diýip pikir edýän wagtymyzdyr. Şonda biziň, üstünligiň salgymyna aldanamazlyk üçin, örän seresap bolmagymyz gerek. Sebäbi biz öz halkymyzyň hakyky üstünligi we iki ýurduň arasyndaky dostluk ugrunda işleýäris” diýip, ol aýtdy.

Obama duşenbe güni irden öz ýurduny demokratik geçişe itermekde esli tagalla eden prezident Teýn Seýn bilen duşuşdy

Birleşen Ştatlaryň prezidenti öz saparyny Rangun uniwersitetinde sözlenen we telewideniýe arakaly halka ýetirilen söz bilen tamamlady. Obama öz sözünde “dostluk elini” we Birleşen Ştatlaryň uzak wagtlyk goldawyny teklip etdi.

Emma Obama Birmanyň demokratiýa babatdaky köp sanly kemçiliklerini hem boýun aldy we täze raýat hökümetiniň demokratiýany goldamalydygyny, ýogsa Birleşen Ştatlaryň berýän kömeginiň kesiljegini duýdurdy.

Onuň Birma sapary Bangkokdan Günorta-Gündogar Aziýa başlanan we sişenbe güni Kambodiýada tamamlanjak dört günlük saparyň bir bölegidir. Obama Kambodiýada Gündogar Aziýa Sammitine gatnaşar.
XS
SM
MD
LG