Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Siriýa: Gozgalaňçylar harby bazany eýeländiklerini aýdýarlar


Siriýada gozgalaňçylar Damaskyň etegindäki harby bazany özleriniň gözegçiligine geçirendigini aýdýarlar.

Jeňçileriň iki topary, ýagny Ansar al-Islam we Jund Allah brigadasy dört güne çeken çaknyşyklardan soň, Hajar al-Aswad şäheriniň golaýyndaky Howa hüjüminden goranyş batalýonyny eýeländiklerini öňe sürýärler.

Bu aralykda, duşenbe güni Ýewropa Bileleşiginiň daşary işler ministrleri Siriýanyň täze oppozisiýasyny siriýa halkynyň “kanuny wekili” diýip atlandyrdy. Emma, oppozisiýa diplomatiki taýdan doly ykrar edilmedi.

Täze oppozision koalisiýasynyň düzümine 13 radikal yslamçy toparlarynyň hem girendigi üçin, ol tankytlandy.
XS
SM
MD
LG