Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Fransiýanyň esgerleri Owganystany terk edýär


Sişenbe güni Fransiýa özüniň Owganystandaky soňky harby operasiýasyny geçirip, ýurduň Kapisa welaýatyndan 400 fransuz esgerini çykardy.

Fransiýanyň esgerleri, esasan, welaýatyň iki etrabynda, ýagny Tagabda we Nejrabda ýerleşýärdiler. Pariž Owganystandaky ähli fransuz esgerleriniň dekabra çenli yzyna dolanjakdygyny aýtdy. 2014-nji ýylyň ahyryna Halkara güýçleriniň esgerleriniň hem Owganystandan çykarylmagyna garaşylýar.

Parižiň aýtmagyna görä, Owganystanda harby bolmadyk işlere gatnaşmak üçin, 2 müň töweregi fransuz esgeri galar. Olaryň aglabasynyň hem geljek ýylyň tomsuna çenli öýlerine dolanjakdygy aýdylýar.

Şu ýylyň iýul aýynda Fransiýanyň esgerleri gyssagly ýagdaýda Owganystany terk edip başlady. Bu maý aýynda, Fransiýanyň täze prezidenti Fransua Olland tarapyndan yglan edilipdi.

Owganystanda azyndan 88 fransuz esgeri öldürildi.

Sişenbe güni “Talyban” hereketi Fransiýanyň ýurtdan çykmagyny gowy garşylap, beýleki ýurtlary hem onuň mysalyna eýermäge çagyrdy.
XS
SM
MD
LG