Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Hindistanda Mumbai hüjümini amala aşyran söweşiji jezalandyryldy


Hindistan 2008-nji ýylda Mumbaida amala aşyrylan terroristiki hüjüminden aman galan ýeke-täk söweşijini jezalandyryp öldürdi.

Hindistanyň hökümetiniň berýän maglumatyna görä, Ajmal Kasab çarşenbe güni irden Pune şäherinde dardan asylypdyr. 24 ýaşly Kasap Pakistanyň raýaty bolup, ol özüniň “Laşkar-e Taiba” söweşiji toparyna degişlidigini aýdypdy.

2008-nji ýylda 10 söweşiji Mumbai şäherine hüjüm edip, 166-a golaý adamy öldüripdi. Hindistanyň howpsuzlyk güýçleriniň geçiren operasiýasynda, söweşijileriň dokuzsy öldürilipdi.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG