Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Pakistanda amala aşyrylan bomba partlamasynda pidalar bar


Pakistanyň günorta-günbataryndaky Baluçistan welaýatynyň Kuetta şäherinde amala aşyrylan bomba hüjüminde, azyndan üç esger öldi.

Polisiýanyň berýän maglumatyna görä, partlaýjy serişde motosiklete ýerleşdirilip, ol harby ulagyň geçýän mahaly ýarylypdyr. Partlamada başga-da ençeme adam ýaralandy. Resmileriň sözlerine laýyklykda, ölenleriň sanynyň artmagy mümkin.

Bu hüjüm Yslamabatda geçjek “D-8” sammitiniň öňüsyrasyna gabat geldi. Pakistandaky “Talyban” we “Al-Kaýda” bilen ilteşikli gazaplylyk sebäpli, Yslamabatda möhüm halkara konferensiýalary köp geçirilmeýär.
XS
SM
MD
LG