Pakistanyň “Talyban” hereketi Hindistanda 2008-nji ýyldaky Mumbai hüjümleri bilen ilteşikli Ajmal Kasabyň jezalandyrylyp öldürilendigi üçin, ar aljakdygy bilen haýbat atdy.
“Talyban” hereketi Kasabyň jesediniň onuň maşgalasyna ýa-da “Talybana” berilmelidigini aýtdy.
Ajmal Kasab çarşenbe güni irden Pune şäherinde dardan asyldy. 25 ýaşly Kasap Pakistanyň raýaty bolup, ol özüniň “Laşkar-e Taiba” söweşiji toparyna degişlidigini aýdypdy.
2008-nji ýylda Kasap bilen birlikde, 10 söweşiji Mumbai şäherine hüjüm edip, 166-a golaý adamy öldüripdi.