Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Prezident Morsi durnuklylyk ugrunda iş alyp barýandygyny aýdýar


Prezident Muhammad Morsi öz tarapdarlarynyň öňünde eden çykyşynda Müsüri “erkinligiň we demokratiýanyň” ýoly bilen alyp barýandygyny aýtdy.

Anna güni Kairde prezident köşgüniň öňüne ýygnanan müňlerçe tarapdaryna Morsi “syýasy, sosial we ykdysady durnuklylyk” ugrunda iş alyp barýandygyny aýtdy. Şeýle hem ol Müsürde “hakyky we berk” oppozisiýa garşy däldigini belledi.

Penşenbe güni Morsiniň yglan eden permany awtoritar häsiýetde diýlip tankyt edildi. Şeýle hem bu perman prezidentiň kararlaryny sorag astyna almaga sud organlaryna ygtyýarlyk bermeýär.

Anna güni Kairiň merkezi Tahrir meýdançasynda müňlerçe protestçi ýygnandy. Olar Morsiniň permanyna garşy çykyş edip, ony döwlet agdarlyşygyny döredýänlikde aýypladylar.

Meýdançanyň çetinde polisiýa bilen çaknyşan käbir protestçi topara garşy polisiýa göz ýaşardyjy gaz ulandy.
XS
SM
MD
LG