Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Kabulyň üç sany uniwersiteti wagtlaýynça ýapyldy


Kabulda ýüz beren dini-etniki çaknyşyklaryň yzy bilen, ýekşenbe güni ýurduň häkimiýetleri Kabuldaky esasy uniwersitetleriň üçüsini wagtlaýynça ýapdy.

Owganystanyň Içeri işler ministrliginiň metbugat sekretary Sedik Sedikki ýekşenbe güni bu uniwersitetleriň “ätiýaçlyk çäreleri” görnüşinde ýurduň Ýokary bilim baradaky ministrligi tarapyndan 10 günlük möhlet bilen ýapylandygyny mälim etdi.

Şenbe güni Kabulda ýerli şaýy studentleriniň Aşura dini baýramçylygyny belleýän wagty sünni mezhebine degişli studentleriň bir topary olara garşy hüjüm etdiler.

Studentleriň bu özara çaknyşygynda bir studentiň ölüp, 28 studentiň ýaralanandygy habar berilýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG