Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aýal-gyzlara garşy zorluklary ýok etmekligiň Halkara güni


Ýekşenbe güni aýal-gyzlara garşy zorluklary ýok etmekligiň Halkara güni bellenilip geçilýär.

Bu waka gabatlap ýaýradan beýanatynda BMG-niň Baş sekretary Ban Ki Mun dünýäniň dürli künjeklerinde millionlarça aýal-gyzyň dürli görnüşlerdäki zorluklara we kemsidilmelere sezewar edilýändiklerini aýdyp, olaryň hukuklarynyň gödek ýagdaýlarda bozulýandygyny nygtapdyr.

Bu beýanatynda ol şeýle zorluklaryň dowam etmegine sebäp bolýan “diskriminasiýa medeniýetine” garşy çynlakaý göreşmeklige çagyryş edipdir.

BMG-niň Jynsy deňlik baradaky edarasy häzirki wagt dünýäde 603 million aýal-gyzyň maşgala zorluklary jenaýat hasaplanylmaýan ýurtlarda ýaşaýandygyny aýdýar.
XS
SM
MD
LG