Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Täjigistanyň häkimiýetleri ýene-de Facebook saýtyny petiklediler


Täjigistanda internet hyzmatyny hödürleýän birnäçe gulluk Facebook sosial ulgamyny petikledi.

Täjigistanyň Internet hyzmatyny hödürleýän gulluklarynyň assosiasiýasynyň başlygy Asomuddin Atoýew Facebook sosial ulgamyny petiklemek baradaky görkezmäniň ýurduň aragatnaşyk gullugyndan gowşandygyny Azatlyk Radiosyna aýtdy.

Bu gullugyň sözçüsi Facebook saýtynyň petiklenmegini “tehniki sebäpler” bilen düşündirdi, ýöne bu barada jikme-jik maglumat bermekden saklandy.

Atoýew Facebook sosial ulgamynyň doly ýa-da bölekleýin petiklenmegine garamzdan bu ulgama girmekligiň başga birgiden ýollarynyň bardygyny aýtdy.

Atoýew häkimiýetleriň bu hereketine bikanun diýip baha bermek bilen, munuň yurduň halkara abraýyna şikes ýetirýändigini aýtdy.

Geçen mart aýynda hem Täjigistanyň häkimiýetleri Facebook sosial ulgamyny we birnäçe beýleki maglumat saýtlaryny wagtlaýyn petikläpdi.
XS
SM
MD
LG