Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gürjüstanda ozalky premýer-ministriň ölümi täzeden derňelýär


Gürjüstanda ozalky premýer-ministr Zurab Žwanianyň 2005-nji ýyldaky ölümi bilen bagly, täze derňew başlandy.

Onuň dogany Giorgi Žwanianyň sişenbe güni žurnalistlere beren maglumatyna görä, bu barada ýurduň prokuraturasy mälim edipdir.

Resmileriň aýtmagyna görä, Zurab Žwania wentilýasiýa ulgamyndaky näsazlyklar sebäpli, karbon monoksidden zäherlenip ölüpdir. Onuň maşgala agzalary, resmi düşündirişi iňkär edýärler.

Giorgi Žwanianyň pikiriçe, onuň doganyny gürji hökümetiniň başyndakylar öldüripdirler.

Zurab Žwania 2003-nji ýylda Gürjüstandaky bolan rewolýusiýada esasy rollaryň birini oýnapdy. Şonda prezident Eduard Şiwarnadze häkimiýet başyndan aýrylypdy.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG