Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Azerbaýjana import edilen sygyrlar hezil bermedi


 Hökümet ýewropa sygyrlarynyň kömegi bilen 2011-nji ýylda öndürilen 1.6 million tonna süýdüň ýerine 2015-nji ýylda 2,5 million tonna süýt öndürmegi göz öňünde tutýardy.
Hökümet ýewropa sygyrlarynyň kömegi bilen 2011-nji ýylda öndürilen 1.6 million tonna süýdüň ýerine 2015-nji ýylda 2,5 million tonna süýt öndürmegi göz öňünde tutýardy.
Olar Azerbaýjana nagt girdeji getirjek sygyrlar bolmalydy. Ýöne mallaryň ýurda import edilmeginiň başga maksatlary-da bar ýaly bolup görünýär.

Soňky üç ýylyň dowamynde Bakuwyň hökümeti maldarçylygyň hilini ýokarlandyrmak we süýt önümçiligini artdyrmak ugrunda tagalla edip, Germaniýadan we Awstriýadan 4500 töweregi arassa tohumly sygyry import etmek üçin 23 million amerikan dollaryny harçlady.

Arassa tohumly bir ýewropa sygry günde 40 litre golaý süýt berýär. Bu Azerbaýjanyň öz sygyrlarynyň öndürýäninden telim esse köpdür. Hökümet ýewropa sygyrlarynyň kömegi bilen 2011-nji ýylda öndürilen 1.6 million tonna süýdüň ýerine 2015-nji ýylda 2,5 million tonna süýt öndürmegi göz öňünde tutýardy.

Ýöne bu iş planlaşdyrylyşy ýaly bolmady. Öwgüli daşary ýurt mallary garaşylany ýaly köp süýt bermediler. Resmileriň aýtmagyna görä, munuň sebäbi birneme aýratyn şertleri talap edýän import sygyrlara maldarlaryň talaba laýyk ideg etmänliginden. Bakuwly, oba-hojalyk boýunça ekspert Wahid Maharramow bu barada şeýle diýýär: "Maldarlar daşary ýurtdan getirilen sygyrlara talabalaýyk seredip bilenoklar. Sebäbi ol mallar ýokary hilli iými we ýörite arassaçylygy talap edýärler".

Beýleki tarapdan maldarlaryň aýtmagyna görä, import mallaryň gözegçiligi üçin zerur bolan zatlar göz öňünde tutulanda, olary idetmek arzan däl. Şonuň üçin bu ýagdaý süýdüň bahasynyň ýokarlanmagyna getirip biler.

Azerbaýjanyň demirgazyk-günbataryndaky Samuh obasynyň maldary Tarbiýa Ýusupowa daşary ýurtdan import edilen arassa tohumly sygyrlar üçin maýa goýanlardan biri. Ol şol sygyrlar her gün 35 litr süýt öndürer diýip tama edýärdi. Ýöne ol sygyrlary idetmegiň ýörite talaplary bilen ýüzbe-ýüz bolansoň, onuň öndürýän süýdüniň bahasy bazar nyrhyndan gala geldi.

Ýusupowa bu barada şeýle diýýär: "Biziň sygyr üçin satyn alýan bedelerimiz örän gymmat bolany sebäpli, öndürýän süýdümiziň bahasy köp müşderiler üçin gymmat düşýär. Şol sebäpden hem biz hökümetiň pul kömegine mätäçlik duýýarys. Biz sygyr üçin bede we beýleki iýmleri satyn alyp bilemzok. Bize kömek gerek".

Maldarlar döwlet eýeçiligindäki "Agrolizinq" firmasyndan sygyrlary kärendesine almak programmasyna gatnaşýarlar. Başda hökümet we maldarlar, her haýsy aýry-aýrylykda, sygyrlaryň ýarpy bahasyny töleýärler. Galan bölegini bolsa maldarlar üç ýylyň dowamynda üzmeli.

Bu programma gatnaşmak üçin maldarlaryň iň bärkisi kagyz ýüzünde öz ekerançylyk meýdanynyň bolmagy we öz malýataklarynda berk düzgünleri saklamagy talap edilýär. Olaryň çyglylygy we ýagtylygy hem talabalaýyk bolmaly, berhiz we gigiýenik şertlerde-de ýewropa sygyrlary özlerini öýlerinde ýaly duýmaly.

Ýagdaý başgaça

Ýöne haçan-da Azatlyk Radiosy Azerbaýjanyň günbataryndaky Kuşçu obasyndaky ferma baryp görende, ýagdaýyň beýle däldigine göz ýetirdi.

Maldar Firudin Hasanowyň aýtmagyna görä, ol başda "Agrolizinq" firmasyndan 30 sany arassa tohumly sygyry kärendä alypdyr. Ýöne ol özüniň sygyrlary üçin kümeleri gurup bilmän, soňra ol sygyrlaryň köpüsini Bakuwyň goňşy territoriýasyna äkitmeli bolupdyr.

Onuň fermasynda galan birnäçe sygyr köp aý bäri arassalanmadyk ýaly görünýän idegsiz malýataklarynda saklanýar. Ol ýer dökün garyşykly batgalanyp, düşdüşler diwardan sallanyşyp, iým ahyrynyň daş-töwereginde-de her-hili mör-möjekler uçuşyp ýör.

Hasanow özüniň malýataklaryny täzeden dikeltmäge pulunyň ýetmeýändigini, sebäbi ol oba ýerlerinde öz süýdüniň her litrini 32 teňňeden, ýagny takmynan 0,40 sentden ýokary satyp bilmejekdigini aýdýar: "Biz her sygyrdan 22-23 litr süýt alýarys. Sygyrlaryň köp bölegini Bakuwa ugratmakdan başga çärämiz ýokdy. Ol ýerde olar süýdüň her litrini 80 teňňeden, ýagny takmynan 1 dollardan satýarlar".

Bu problemalaryň üstesine, wagtyndan öň ölen haýwanlaryň harajady üçin maldarlar “Agrolizinq” firmasyna bergili bolup çykýarlar. Import edilen sygyrlaryň 2009-njy ýyldan bäri azyndan 260-sy öldi. Bu hem hojalyklara takmynan 1,3 million amerikan dollary möçberinde zyýan getirdi.

Şeýle-de oba-hojalyk boýunça analitik Wahid Maharramow Azerbaýjanda maldarlardan arassa tohumly sygyrlar üçin alynýan tölegiň, beýleki ýurtlar bilen deňeşdireniňde ep-esli ýokarydygyny belleýär.

Azatlyk Radiosynyň Azeri gullugynyň maglumatlaryna görä, Awstriýadan getirilen arassa tohumly her bir sygyr üçin 5 müň dollar tölenýän bolsa, munuň tersine, Türkiýeden getirilýän sygyrlaryň her biri 3 müň dollara durýar.
XS
SM
MD
LG