Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Pakistanda ýadro kellesini daşap bilýän raketalaryň synagy geçirildi


Pakistanyň harbylarynyň berýän maglumatyna görä, olar orta aralyk üçin niýetlenen, ýadro kellesini daşap bilýän raketalaryň üstünlikli synaglaryny geçiripdirler.

Harbylaryň ýaýradan beýanatynda bellenmegine görä, “Hatf V Ghauri” raketasynyň synagy çarşenbe güni geçirilipdir. Aýdylmagyna görä, bu raketalar 1 müň 300 km. aralygyna çenli hem adaty, hem-de ýadro kellejiklerini daşap bilýärler.

Pakistan 1998-nji ýylda, resmi taýdan, ýadro ýaragyna eýe bir döwlet bolupdy. Yslamabat muny Hindistanyň ýadro synagyny geçirenden soň, bu ugurdaky synaglary amala aşyrdy.

Pakistan bilen Hindistan 1947-nji ýylda Britaniýadan garaşsyzlyklarynyň alanyndan soň, öz aralarynda üç gezek söweşdiler.
XS
SM
MD
LG