Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Owganystanda 14 ýaşly gyzyň kellesi kesildi


Owganystanyň demirgazygyndaky Gunduz welaýatynda iki adam, 14 ýaşly gyzyň kellesini çapmakda aýyplanyp, tussag edildi.

Ýerli polisiýa resmisi Nizamuddin Hakiminiň Azatlyk Radiosyna aýtmagyna görä, gyzyň jesedi sişenbe güni tapylypdyr.

Deslapky derňewlere görä, şol iki adam gyzyň kakasyna ýüzlenip, ony özleriniň birine durmuşa berilmegini sorapdyrlar. Hakiminiň aýtmagyna görä, hem gyz hem-de onuň kakasy olaryň bu teklibinden ýüz öwüripdirler.

Polisiýa resmisi başga goşmaça maglumat bermedi.

Geçen aý Herat welaýatynda 20 ýaşly bir aýal maşgalanyň, jelepçilik bilen meşgullanmakdan ýüz öwürendigi üçin, kellesi çapylypdy. Bu işe ilteşikli bolmakda aýyplanyp, dört adam, şol sanda öldürilen aýalyň adamsy hem tussag edildi.
XS
SM
MD
LG