Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gazagystan: “Talak” sözi bilen nika bozmak däbi ýaýraýar


SMS arkaly talagyny bermek.
SMS arkaly talagyny bermek.
“Talak” sözüni dile getirip, aýalyňdan aýrylyşmak däbi Gazagystanda hem ýaýrap başlady. Goňşy ýurtlarda bu adat eýýäm uzak wagtlap dowam edip gelýär.

Äri “Talak” diýdi

Almatyly 22 ýaşly Aýgül Kožabekowa ýedi ýyl mundan ozal yslam dinini kabul edipdir. Ol Mekkä zyýarata giden we Gurhan okaýan öz doganoglanynyň täsiri astynda yslam dininiň adatlary bilen gyzyklanyp başlapdyr.

“Yslam dini hakda daş-töwerekde aýdylýan zatlar düýbünden başga zat. Kalbyňda Alla bar bolsa syýasat, uruş, weýrançylyk, jemgyýet, maşgala gatnaşyklary – bularyň hemmesi hiç zat” diýip, Aýgül Azattyk Radiosyna aýtdy.

Dört ýyl mundan ozal Aýgül bir musulman ýigidine durmuşa çykandygyny gürrüň berýär. Ondan bir ogly bolupdyr, adyna Muhammet dakypdyrlar. Adamsy awtomobil ätiýaçlyk şaýlaryny satýan dükanda satyjy bolup işläpdir.

Bu ýaş zenan başda durmuşynyň gülala-güllük bolandygyny aýdýar. Ol durmuşa çykan ýigidi bilen toýdan soň tanyşypdyr. Yslam dininiň adatlary boýunça maşgalada galmagal turuzmaly däl, aýal ärine gulak asmaly diýip, Aýgül aýdýar. Olar kireýine alnan kwartirada ýeter-ýetmez ýagdaýda ýaşapdyr. Aýgül işlemändir. Ol hakyky musulman hökmünde ähli kynçylyklara çydap gezipdir.

Adamsy birinji gezek aýrylyşmak barada, yslam dininde aýdylyşy ýaly, talagyny bermek barada kemis ogly dünýä inende gürrüň gozgapdyr. Aýgül muny göwnüne alman, ýaşyny süpürip, ýygy-ýygydan doga okamaga başlapdyr.

Adamsy ikinji gezek “talak” sözüni sagdyn çaga dogurar ýaly başga aýala öýlenmek isleýändigi barada aýdanda, dile getiripdir. Ol öýlenjek aýalynyň adyny hem aýdypdyr. Şeýle ýagdaýda aýalyna üç aýlap möhlet berilýär. Şol möhletde ol başga birine durmuşa çykyp ýa-da öýden çykyp gidip bilýar. Aýgül öýden çykyp gitmegi saýlaýar.

Adamsynyň başga aýal bilen ýaşaýandygyny we maşgalasyna kömek bermeýändigini aýdyp, Aýgül bu barada başga zat aýtmak islemeýändigini ümleýär.

Täjigistanda we Gyrgyzystanda diňe metjitlerde nikalaşmak düzgüni girizilenden soň, yslamyň adatlaryna salgylanyp nikany bozmak problemasy hem döredi. “Talak” sözüni üç gezek dile getirip aýrylyşmak dünýewi düzgünlere çapraz gelýän ýene-de bir sosial problemany döretdi.

Orsýetdäki millionlarça zähmet migrantlarynyň arasynda aýallaryna SMS arkaly “talak” sözüni ýazyp ibermek ýaly täze hadysa ýüze çykdy.

"Men kömek edýärin, geljekde hem ederin"

24 ýaşly almatyly Rustem Baýniýazow çagalygyndan namaz okaýar. Onuň ähli maşgala agzasy dinçi. Atasy Garaganda oblastynyň bir kiçi obasynyň ymamy.

“Meniň üçin yslam diňe bäş harpdan durýan söz däl. Azan, namaz, metjit, Mekke ýaly sözler meniň üçin ähli zady aňladýar. Bu durmuşyň manysy we ýörelgesidir” diýip, Rustem Baýniýazow aýdýar.

Rustem ikinji gezek öýlenipdir. Ol birinji aýalyndan aýrylyşypdyr, ol Žarkent şäherinde ýaşaýar. Olaryň Hatyja atly gyzjagazy hem bar.

“Şerigatyň kanunlary esasynda umumy çagaň bar bolsa, sen oňa kömek etmeli. Şol sebäpden hem men kömek edýärin. Muny diňe çuňňur dine ynanýanlar edip bilýär. Aýda men 50 müň teňňe iberýärin. Bu Allanyň berýan yrsgalyna bagly” diýip, Rustem aýdýar.

Rustem Almatyda ýaşaýar. Ol hususy ýuridiki firmada işleýär. Aýda 150-200 müň teňňe (bir ýarym müň amerikan dollaryna barabar) gazanýar. Rustemiň ikinji aýalyndan bir ogly bar. Onuň ady Ybraýym.

“Meniň aýallarym biri-biri bilen gatnaşyk saklaýarlar. Birinji aýalym durmuşa çykmady. Bu onuň öz islegi boldy. Belki bir musulman tapylar we ony aýal ediner. Enşalla” diýip, Rustem dileg edýär.

Rustemiň aýtmagyna görä, onuň birinji maşgalasynda dawa bolmandyr. Olar bir pursatda birek-bireginden aýry ýaşamaly diýen netijä gelipdirler. Bu Allanyň emri bilen bolýar diýip, Rustem aýdýar.

“Umuman, yslam nika bozmaklygy goldap baranok, erkek öz aýalynyň gitmegine diňe rugsat bermeli. Şeýle erkeklere Allanyň sözlerini ýatlatmaly: ‘Haçan-da siz aýallaryňyz bilen aýrylyşanyňyzda hem-de olara berlen möhlet dolanda (iddat, üç aýlyk möhlet) siz olary salyhatly alyp galyň ýa-da isleglerine garamazdan olary goýberiň” diýip, Rustem aýdýar.

Hemmelere ZAGS-dan resmi dokument gerek

Gazagystan Musulmanlarynyň ruhy dolandyryş edarasynyň propaganda bölüminiň wekili Asylbek Aueshanulynyň Azattyk Radiosyna aýtmagyna görä, yslam nika bozmaklygy goldamaýar.

“Şeýle ädim çykgynsyz ýagdaýda ädilýär. Häzir Almatyda her 100 maşgaladan 30 maşgala aýrylyşan. Olaryň arasynda musulmanlar hem bar” diýip, ol aýdýar. Asylbek Ayeshanyly häzirki döwürde öz ene-atalaryny habarly etmän, durmuş gurup, bir aýdan soň hem aýrylyşýan ýaşlaryň sanynyň köpelendigini aýdýar. Onuň pikiriçe, maşgala gatnaşyklary baradaky terbiýäni mekdeplerde başlamaly, şeýle hem orta we ýokary klas okuwçylary, belli bir ýaşdakylar üçin okuw kitaplary gerek. Ruhy baýlyklaryň bar ýerinde maşgala berk bolýar" diýip, Asylbek Aueshanuly aýdýar.

“Indi bir ýarym ýyl bäri metjitlerde ymamlar düzgün girizdiler. Bu düzgüne laýyklykda, metjitde nikalaşýan ýaşlaryň ählisi ZAGS-dan, ýagny Graždan ýagdaýlarynyň aktlary ýazylýan bölüminden dokument getirmeli. Indi bu düzgün Almatynyň we bütin Gazagystanyň metjitlerinde talap ediler” diýip, Asylbek Aueshanuly Azattyk Radiosyna aýtdy.
XS
SM
MD
LG