Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ban Ki-mun: “ysraýyllylaryň täze posýology parahatçylyga howply urgy bolar”


BMG-niň Baş sekretary Ban Ki-mun, eger-de Ysraýyl palestinalylaryň geljekde döwlet gurmak isleýän ýerinde ýewreýler üçin müňlerçe täze ýaşaýyş jaýyny gursa, munuň parahatçylyk baradaky umytlara “howply urgy” boljakdygyny duýdurdy.

BMG-niň beýanatynda Ysraýylyň täze 3,000 sany ýaşaýyş jaýyny gurmak planlary Günorta Iýerusalimi Iordan derýasynyň günbatar kenaryndan “doly bölüp aýyrmak” boýunça töwekgelçilige salýar diýilýär.

Ysraýylyň gurluşyk planlary barada anna güni yglan edilen maglumat BMG-niň Baş assambleýasynyň agzalarynyň aglaba köpüsiniň Palestinanyň BMG-däki durumynyň “synçy subýektden” “synçy döwlete” öwrülmegini goldap ses bermeginiň yz ýanyna gabat geldi.

Ýekşenbe güni Ysraýyl öz basyşyny güýçlendirip, palestinalylaryň $100 million möçberdäki salgyt töleglerini saklaýandygyny yglan etdi.
Palestinanyň milli awtonomiýasynyň prezidenti Mahmud Abbas Iordan derýasynyň günbatar kenaryna gaýdyp barandan soň, “Indi biziň döwletimiz bar” diýip, yglan etdi.
XS
SM
MD
LG