Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

E.Hodžaý: "Biz Kosowanyň garaşsyzlygyna örän buýsanýarys"


Kosowanyň daşary işler ministri Enwer Hodžaý, Tirana, 2012 ý.
Kosowanyň daşary işler ministri Enwer Hodžaý, Tirana, 2012 ý.
Kosowanyň daşary işler ministri Enwer Hodžaý duşenbe güni Pragada bolanda, Azatlyk radiosynyň habarçysy Ron Synowiç ondan Pristinanyň aladalary, arzuwlary we 2008-nji ýylda Serbiýadan garaşsyzlygyny birtaraply yglan edeli bäri gazanan üstünlikleri barada gürrüň bermegini sorady.

Azatlyk Radiosy: Kosowo we Albaniýa Halkara Jenaýat Sudunyň öňki Ýugoslawiýa boýunça ozalky başlygy Karla del Pontäniň Kosowanyň öňki premýer-ministri Ramuş Haradinaýa garşy ikinji uruş jenaýaty suduny başladany üçin, onuň işiniň derňelmegine çagyrdy. Jenap Haradinaý geçen hepde Haagadaky sud tarapyndan aklandy. Siz Pristanynyň bu talapdan näme maksat tutýandygyny düşündirip bilmezmisiňiz?

Enwer Hodžaý: Biz Karla del Ponte öz ygtýarlyklaryny we kompotensiýalaryny ýalňyş ulandy diýip pikir edýäris. Onsoň biziň hökümetimiz onuň beýle etmek üçin hiç bir fakt bolmazdan ikinji suda gaýtadan başlatmagynyň doly we düzüw görnüşde derňelmegini sorady. Özem sud eýýäm munuň, ýagny şeýle sud seljerişliginiň hakykatda zerur bolmandygyny tassyk etdi.

Biz bu meselede doly aýdyňlyk gazanyp bileris öýdýäris, sebäbi ol jenap Haradinaýyň, biziň raýatlarymyzyň we tutuş Kosowanyň mertebesini kemsitdi.

Azatlyk Radiosy: Golaýda alban döwletliliginiň 100 ýyllygy bellenende, Kosowanyň prezidenti albaniýalylaryň bir döwletde ýaşamaýandygyny ýaňzytdy we “albaniýalylar şol bir ýewropa üçeginiň astynda bolmalydyr” diýen sözleri ulandy. Bu biraz düşnüksiz. Siz Pristinanyň “şol bir ýewropa üçeginiň astynda” diýen sözleriniň näme aňladýandygyny aýdyňlaşdyryp bilmezmisiňiz? Bu Kosowa bilen Albaniýany Kosowada birleşdirmek islegimi? Siz Kosowa bilen Albaniýanyň nähili şertlerde birleşdirilmegini pikir edýärsiňiz?

Enwer Hodžaý: Kosowa soňky bäş ýyl bäri garaşsyz ýurt we biz hemişelik garaşsyz ýurt bolup galarys. Biz bu gün Kosowanyň öz serhetleriniň we territoriýasynyň çäginde 96 ýurt tarapyndan ykrar edilendigine hem-de öz topragymyzda garaşsyz Kosowa bilen döwletliligimizi berkitmekde gazanýan üstünliklerimize örän buýsanýarys.

Ýöne şonuň bilen bir wagtda, biz Kosowanyň halkara sistemasyna integrirlenmegi babatda hem saldamly işleri edýäris. Biz üç hepde mundan öň Ýewropanyň Dikeldiş we ösüş bankynyň agzalygyny aldyk. Bu biziň sebitde hiç bir ýurda birleşmek we öz serhetmizi üýtgetmek maksadymyzyň ýokdugyny aňladýar.

Emma Kosowa respublikasynyň ýeke-täk bir arzuwy bar, olam garaşsyz ýurt hökmünde Ýewropa Bileleşiginiň agzasy bolmak, özem biz sebitdäki ähli beýleki ýurtlaryň Ýewropa Bileleşiginiň agzasy bolmagyny ikelläp goldaýarys.
XS
SM
MD
LG