Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ilkinji SMS-iň iberilenine ýigrimi ýyl doldy


Aýdylyşyna görä, her mobil ulanyjy, ortaça, her hepdede 50 SMS tekstini iberýär.
Aýdylyşyna görä, her mobil ulanyjy, ortaça, her hepdede 50 SMS tekstini iberýär.
Ilkinji SMS-iň, ýagny tekst habarynyň britaniýaly inženeriň kompýuterinden onuň dostunyň mobil telefonyna ugradylaly bäri aradan ýigrimi ýyl geçdi we indi adamlar mobil telefony arkaly aňsatlyk bilen, islän wagty, islendik ýerden SMS ugradyp bilýärler.

Aýdylyşyna görä, her mobil ulanyjy, ortaça, her hepdede 50 SMS tekstini iberýär. Olaryň arasynda gutlag hatyny öz içine alýan tekstler bilen bir hatarda möhüm habarlary jar edýän SMS-ler hem bar.

Meselem ABŞ-nyň prezidenti Barak Obama Jo Baýdeniň ýurduň wise-prezidenti hökmünde kandidaturasyny yglan edende, bu täzelik gije sagat 12-de, 3 million adama SMS arkaly ýetirilipdi. SMS serişdesinden resmi derejede peýdalanylýan pursatlaryna Türkmenistanda hem duş gelmek mümkin.

Meselem, geçen hepde ilat ýazuwyna taýýarlyk baradaky habar ilata SMS arkaly ýetirildi. Şol habarda halk ählumumy ilat ýazuwy üçin taýýar bolmaga çagyrylýar. Şol bir wagtyň özünde SMS halk arasynda hem örän ornaşan aragatnaşyk usullaryndan biridir.

Özüni Dinara diýip tanadan lebaply ýaş gyz hem şeýle ildeşlerimizden biri. Ol hem SMS-den peýdalanýan ildeşlerimiziň biri. Dinara SMS-iň ähmiýetiniň uludygyny we onuň bir gezek ýazan SMS habarynyň ýatdan çykmajak täsir galdyrandygyny aýdýar.

“Bir iki ýyl mundan öň studentleri Türkmenistandan çykarman başlanlarynda men ilki bilen Germaniýada okaýan doganyma kanikula öýe gelme diýip, SMS ýazdym. Ol şol ýyl kanikulda öýe gelmedi, emma häzir eýýäm okuwyny tamamlap, yzyna dolandy. Eger men şol SMS-i ýazmadyk bolsam, olam öýe gelen bolsa, onda kim bilsin, okuwyny gutaryp diplom hem alyp bilmezdi. SMS ýollanym gowy boldy” diýip, Dinara gürrüň berýär.

Türkmen ýaşlary hem, bütin dünýäniň ýaşlary ýaly, SMS habarlaryny dürli maksatlar üçin ulanýarlar. Häzirki wagtda daşary ýurtda okaýan Sapar SMS ulanmagynyň esasy sebäbini şeýle diýip düşündirdi: “Men SMS tekstinden esasan gyzlar bilen tanyşmak üçin we olar bilen aragatnaşyk gurmak üçin peýdalanýan, sebäbi biziň gyzlar, başda biraz utanýarlar. Emma aslynda SMS ýazanymdan, gowusy jaň edip, aýtjak zadymy iki sözde aýdanymy gowy görýän. Ýöne bir tarapdan SMS ýazmak meniň ýaşaýan ýerimde jaň etmekden arzanrak”.

Saparyň arzan diýýän SMS habarlary dünýä boýunça trillionlarça bolup, olar ýylda $112 milliard girdeji getirýärler. Şol bir wagtyň özünde-de 2012-nji ýylyň birinji ýarymynda SMS iberýän adamlaryň sany pese gaçdy diýen habarlar hem gowuşýar, çünki habarlaşmak üçin indi "Facebook", "Twitter" ýaly sosial ulgamlaryndan peýdalanýanlar hem köpelýär.

“Eger aragatnaşyk gurjak adamymda smartfony bolsa, onda biz sosial ulgamlarynda ýazyşýas, ol SMS ýollamakdanam has arzan, emma hemme adamda android telefonlary bolmansoň, SMS hem ibermeli bolýan. Men her hepde 30-a golaý SMS ýazýan” diýip, Sapar sözüniň üstüni ýetirdi.

Özüni Maral diýip tanadan we häzirki wagtda Gyrgyzystanda bilim alýan türkmen studenti her gün 6-15 çemesi tekst habaryny ýazýandygyny aýdyp, jaň etmekden SMS ýazmagy gowy görýändigini gürrüň berdi. Ol onuň sebäbini şeýle diýip düşündirdi: “Men SMS ýazmagy gowy görýän, sebäbi aragatnaşyk gowy bolmadyk wagty SMS arkaly gowy düşünişip bolýar, ikinji sebäbi SMS-iň bahasy jaň edenden arzan bolýar, käwagtlar sapakda oturan wagtyň hem [SMS arkaly] arkaýyn gürleşip bolýar”.
XS
SM
MD
LG