Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gyrgyzystan: Oppozisiýa aktiwisti jynsy zorlukda aýyplanýar


Gyrgyzystanda oppozisiýadaky “Milletiň watançy hereketi” toparynyň ýolbaşçysy, jynsy zorlukda aýyplanyp tussag edildi.

Bişkegiň polisiýa resmisiniň beren maglumatyna görä, Nurlan Motuýew 21 ýaşyndaky bir gyzyň şikaýatyndan soň, tussag edilipdir.

Şol gyzyň sözlerinden çen tutulsa, Motuýew ony sişenbe güni öýüne çagyryp, şol ýerde hem zorlapdyr.

Munuň yzy bilen, Motuýew dessine tussag edilip, Bişkegiň deslapky tussaghanalarynyň birine ýerleşdirildi.

Motuýewiň wekilleri bu iş boýunça, häzire çenli, hiç hili beýanat bilen çykyş etmediler.
XS
SM
MD
LG