Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Owganystan: Aňtaw gullugynyň başlygy bomba hüjüminde ýaralandy


Kabulda amala aşyrylan bomba partlamasynda Owganystanyň aňtaw gullugynyň başlygy ýaralandy.

Ýokary derejeli owgan resmisiniň Azatlyk Radiosyna beren maglumatyna görä, Asadullah Khalida janyndan geçen bir adam hüjüm edipdir.

Ýurduň Milli howpsuzlyk boýunça direktoratynyň ýaýradan beýanatynda, munuň “namart terroristik hüjüm” bolandygy aýdylýar.

Ýokary derejeli owgan resmisiniň “AFP” habar agentligine beren maglumatyna görä, Khalidiň bedeniniň aşaky bölegine şikes ýetipdir.

Khalid ozal häkim we ministr bolup işläpdi. Ol sentýabr aýynda aňtaw gullugynyň başlygy wezipesine bellenildi.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG