Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Müsür: Prezident köşgüniň daşynda tanklar ýerleşdirildi


Prezident köşgüniň golaýynda goşun tanklary ýerleşdirildi. Kair, 6-njy dekabr, 2012 ý.
Prezident köşgüniň golaýynda goşun tanklary ýerleşdirildi. Kair, 6-njy dekabr, 2012 ý.
Prezident Muhammad Morsiniň tarapdarlary bilen onuň garşydaşlarynyň arasynda turan ölümli çaknyşyklardan soň Müsüriň harbylary prezidentiň köşgüniň daşynda tanklary we beýleki harby ulaglary ýerleşdirdi.

Morsiniň garşydaşlary onuň öten aý çykaran permanyna, şeýle hem konstitusiýanyň täze jedelli taslamasyna protest bildirýärler. Morsi çykaran permanynda özüne giň gerimli ygtyýarlyklary berýär.

Prezident Morsi täze hartiýa barada 15-nji dekabrda referendum geçirilmegine çagyrdy.

Tanymal oppozision şahsyýet, parahatçylyk boýunça Nobel baýragy bilen sylaglanan Muhammad El-Baradeý Morsiniň hökümdarlygy Mubaregiňkiden "tapawutly" däl diýdi:

"Bu günki Müsürde bolýan gazaply hereketlerde biz prezident Morsi bilen onuň hökümetini doly jogapkär hasaplaýarys. Häzir ýurduň goralmazlygy, prezidentiň köşgünde bolýan zatlar, zorluk prezidentiň we hökümetiň ýurdy goramak boýunça öz üstlerine düşýän jogapkärçiligi ýerine ýetirmeýändikleriniň alamaty”.

Morsiniň penşenbe güni etjek çykyşynda ýurtdaky krizis barada hem durup geçmegine garaşylýar.

Döwlet habar gullugy tanklaryň prezidentiň köşgüniň öňünde bu binany goramak üçin ýerleşdirilendigini aýtdy. Sebäbi Morsiniň tarapdarlary bilen demonstrantlaryň arasyda turan çaknyşyk penşenbe güni ir etire çenli dowam etdi.

Oppozisiýa prezidentiň 22-nji noýabrda çykaran permanyny ýatyrmagyny, şeýle hem konstitusiýanyň täze taslamasynyň yzyna alynmagyny isleýär.
Prezident M.Morsi (O) köşgünde öz goşun başlygy we ministrleri bilen maslahat edýär. Kair, 6-njy dekabr, 2012.
Prezident M.Morsi (O) köşgünde öz goşun başlygy we ministrleri bilen maslahat edýär. Kair, 6-njy dekabr, 2012.

Çarşenbe güni oppozision ýolbaşçylaryň biri bolan Arap Ligasynyň öňki başlygy Amr Musa Müsür halkyny ýygnanyp, bilelikde demokratiýany goldamaga çagyrdy:

"Bu ýerde, siziň bar ýeriňizde Müsüri gorap, Müsüriň rewolýusiýasyny dowam etdirmek barada hemmämiz biragyzdan gürleýäris. Bu gün, ertir we hemişe Müsüriň sesi belent ýaňlanar. Biz täze, demokratik ýurduň tarapyny çalýarys. Status kwo ýa-da Müsür halkynyň bölünmegini, ýogsa-da kabul ederliksiz konstitusiýanyň boýnumyza dakylmagyny islämzok".

Müsüriň wise-prezidenti Muhmud Mekki: "Konstitusiýanyň jedelli maddasyna düzediş girizmek barada oppozisiýa bilen bir ylalaşyga gelip bolar, ýöne 15-nji dekabrdaky referendum planlaşdyrylyşy ýaly bolmaly" diýdi.

Müsüre harby kömek diýip, ýylda 1.3 milliard dollar berýän Amerikanyň Birleşen Ştatlary taraplary özara dialoga çagyrdy.
XS
SM
MD
LG