2012-nji ýylyň dowamynda adam hukuklaryny goraýjy aktiwistler esasy azatlyklary gorap, uly işleri etdiler. Azatlyk Radiosy 2012-nji ýylyň dowamynda demokratiýa we adam hukuklary boýunça alyp baran işleri bilen, has öňe saýlananlaryň sanawyny düzdi.
2012-nji ýylyň 12 adam hukuk goraýjysy

1
<b>Malala Ýusufzaýy - bilim almak hukuky boýunça aktiwist; Pakistan; Hüjümde alan ýaralaryndan bejergi alýar.</b> 14 ýaşly mekdep okuwçysy Malala Ýusufzaýy Pakistanda çagalaryň hak-hukuklaryny goramak, şeýle-de gyzlaryň bilim almagy boýunça mertlik bilen alyp baran kampaniýalary bilen meşhurdyr. Oktýabr aýynda Malala Ýusufzaýy okuwdan öýüne gaýdyp barýan mahaly, “Talyban” hereketiniň hüjümçileri onuň boýnuna we kellesine atypdy. Häzirki wagt ol Britaniýanyň keselhanalarynyň birinde bejergi alýar.

2
<b>Aung San Su Çi - oppozisiýa syýasatçysy; Burma; Azatlyga çykaryldy.</b> Su Çi 20 ýyla golaý wagt bäri Burmada (Mýanmar) demokratiýa ugrunda tagalla edýär. Ol 1989-2010-njy ýyllar aralygynda 15 töweregi ýyly öý tussaglygynda geçiripdi. Burmanyň harbylary tarapyndan geçirilen reformalaryň netijesinde, şu ýyl ol ýurduň parlamentinde orun almagy başardy. Noýabr aýynda Su Çi özüniň dogduk mekanynda ABŞ-nyň prezidenti Barak Obamany garşy alypdy. Onuň demokratiýa ugrunda eden tagallalary netijesinde, oňa ençeme halkara baýraklary, şol sanda 1991-nji ýylda Parahatçylyk boýunça Nobel baýragy hem berildi.

3
<b>Çen Guangçeng - jemgyýetçilik aktiwisti; Hytaý; Azatlyga çykaryldy; Bosgunlykda.</b> Guangçeng kör bolup, ol özbaşdak okap aklawçy boldy. Ol Hytaýyň ýeke çaga edinmek baradaky syýasatyna garşy çykyp, halkara meşhurlygyny gazandy. Ol dört ýyl öý tussaglygyndan soň, 2012-nji ýylyň aprelinde gaçyp, bosgunlyk gözläp, ABŞ-nyň Pekindäki ilçihanasyna bardy. Bu hem öz gezeginde diplomatiki dartgynlylygy döredipdi. Soňky aý Guangçeng özüniň aýaly we iki gyzy bilen ABŞ-a gitmegi başardy.

4
<b>Ales Belýatskiý - oppozisiýa lideri; Belarus; Tussaglykda.</b> Belýatskiý 4.5 ýyl türme tussaglygyna höküm edildi. Salgyt galplyklary boýunça oňa garşy ýöňkelen aýyplamalar, syýasy matlap bilen edilen iş diýlip, Günbatar tarapyndan ýazgarylypdy. Belýatskiý Belarusyň ilkinji demokratik – Belarusyň meşhur fronty hereketini esaslandyrypdy.