Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Putin Orsýetiň içerki işlerine goşulyşmazlyga çagyrdy


Çarşenbe güni Wladimir Putin Orsýetiň Federal Assambleýasynda çykyş etdi. 12-nji dekabr, 2012 ý.
Çarşenbe güni Wladimir Putin Orsýetiň Federal Assambleýasynda çykyş etdi. 12-nji dekabr, 2012 ý.
Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin daşardan ýurduň içerki syýasatyna goşulmagyna garşy duýduryş berdi. Putin bu barada özüniň parlamentde eden ýyllyk çykyşynda aýtdy.

Çarşenbe güni Putin ýurduň Federal Assambleýasynda: “Daşardan biziň içerki syýasatymyza gönümel ýa-da gytaklaýyn goşulmalar asla kabul ederliksizdir. Özüniň syýasy işi üçin daşardan pul alýan, munuň netijesinde-de daşary ýurduň bähbitlerini araýan adamlar Orsýet Federasiýasynda syýasatçy bolup bilmez”.

Putin şu ýylyň martynda, köpçülikleýin protestlere garamazdan, nobatdaky alty ýyllyk möhlete prezident saýlanypdy.

Putiniň Kremle dolanmagy bilen, ýurtda dissidentleri basyp ýatyrmak, oppozisiýa aktiwistlerini tussag etmek, berk kanun taslamalaryny girizmek ýaly çäreler geçirildi.

Putin Orsýetiň içerki işlerine goşulyşmazlyga çagyrýar
please wait

No media source currently available

0:00 0:02:01 0:00

Çarşenbe güni eden çykyşynda, Putin “milli we ruhy gymmatlyklary” goramalydygyny hem belläp geçdi.

80 minutlyk çykyşynyň dowamynda, Putin ýurtda ilat sanynyň kemelmegi, Orsýetiň ýüzbe-ýüz bolup duran iň uly howplarynyň biridigini hem aýtdy. Şeýle-de Putin Orsýetiň migrasiýa kanunlarynyň, şol sanda ozalky Sowet respublikalarynyň raýatlary üçin-de berkleşdirilmelidigini aýtdy.

Putin: “2015-nji ýyldan gijä galman, beýleki döwletleriň raýatlarynyň Orsýete içerki däl-de, diňe daşary ýurt pasportlary bilen goýberiljekdigine ynanýaryn" diýdi.

Putin çykyşynyň dowamynda, parahorluga garşy hem has berk çäreleri görmäge söz berdi.
XS
SM
MD
LG