Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Täjik tussaglary gynalandyklaryny aýdýarlar


Tajik tussaglary gynalandyklaryny aýdýarlar
please wait

No media source currently available

0:00 0:01:23 0:00

Täjik tussaglary gynalandyklaryny aýdýarlar.

Täjigistanly tussaglar ýaňy golaýda başga ýere geçirilenlerinde, garawullar tarapyndan urlup-ýenjilendiklerini aýdýarlar. Subutnama hökmünde olar özlerine düşen ýaralaryň wideo ýazgylaryny taýýarlapdyrlar.

Azat Ýýewropa we Azatlyk Radiosynyň Täjik gullugyna Hojant şäherinde türmede oturan bir topar tussagyň garyndaşlaryndan ençeme wideo ýazgy gelip gowuşdy. Tussaglaryň garyndaşlary bu wideolaryň mobil telefonynda ýazylyp alnyp, özlerine iberilendigini aýdýarlar. Wideolary kimiň düşürendigi belli däl.

Wideolarda tussaglar, bedenleriniň gök-gabarçyk bolup duran ýerlerini görkezip, 15-20 sany garawulyň özlerini urup, ýaralandygyny aýdýarlar.

Tussaglaryň we olaryň garyndaşlarynyň aýtmagyna görä, bular öten aý Duşenbedäki iki türmeden ýurduň demirgazygynda ýerleşýän Hojant şäheriniň tussaghanasyna geçirilen 40 töweregi tussagyň arasyndaky adamlardan.

"Biz bu ýurda degişli däl ýaly"

Olar ýalaňaçlanmaga mejbur edilip, özlerine sögülendigini, urlup-ýenjilip, kemsidilendiklerini aýdýarlar:

"Bizi kemsitmek tussaghananyň maşynyna salnyp, alnyp ugralan badymyza başlandy. 20 töweregi garawul bizi birin-birin rezin serdesse bilen ýençmäge durdy. Adaty adamlar birini uranda, olara 25 ýyl türme tussaglygy berilýär. Bular adamlary şeýle ursalar-da, olara jeza ýok. Bu nähili zat? – diýip, tussaglar soraýarlar. - Olar kyrka golaý tussagy şeýle ýençdiler welin, biziň käbirimiz özünden gitdi. Biz bu ýurda degişli däl ýaly, hiç kime gerek däl ýaly, bu jemgyýetde bize orun ýok ýaly edip urdular".

Azatlyk Radiosynyň Täjik gullugy tarapyndan soralanda, tussaghananyň häkimiýetleri we baş prokuroryň edarasy bu barada maglumat bermekden boýun towlady.

Tussaglar özleriniň türmäniň resmilerine we Baş prokurorlyga şikaýat edip, hat ýollandyklaryny aýdýarlar. Ýöne olaryň hatyna berlen jogap ýok.

Tussaglary goldap, protest gecirdiler

Tussaglaryň garyndaşlary türmelerdäki ýaramaz ýagdaýlar sebäpli noýabr aýynda baş prokuroryň edarasynyň öňünde protest geçirdiler.

Duşenbedäki häkimiýetler täjik türmelerinde bolýan gynamalary we bendileriň ýaramaz saklanmagyny ulaltmazlyga synanyşýarlar. Adalat ministrliginiň türmeler bölüminiň başlygy Ilhomjan Mahmudow: "Gynamalar baradaky aýyplamalar düýbünden ýalan, hemmesi esassyz" diýýär.

Tussaglar Ajik Gaýumow we Hamza Ikromzoda Duşenbede saklanýan türme kameralarynda öli tapylansoň, Täjigistan ýiti tankyt astyna düşdi.

Jemgyýetçiligiň gykylygy artansoň, häkimiýetler bularyň nähili ýagdaýda ölendiklerini anyklamak üçin barlag işini ýola goýdular. Prezident Emomali Rahmon bu barlaga hut özüniň kontrollyk etjekdigini aýtdy.

2011-nji ýylda Gorgondepe şäherindäki zähmet lagerinde hem onlarça bendi gynamalaryň we urlup-ýenjilmegiň garşysyna protest bildirip, açlyk yglan etdi.

Hukuk guramasy Amnesty International bendileriň gynalmagyny, urlup-ýenjilmegini we bolýan beýleki kemsitmeleri Täjigistanyň tussaghanalarynda adaty düzgüne öwrülen zatlar hökmünde häsiýetlendirýär.
XS
SM
MD
LG