Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Müsür: Yslamçylar referendumda ýeňiş gazanandyklaryny aýdýarlar


Müsürde şenbe güni täze konstitusiýanyň taslamasyna ses bermek boýunça geçirilen ähliumumy referendumyň birinji tapgyrynyň yzy bilen prezident Muhammad Mürsiniň tarapdarlary täze konstitusiýanyň uly goldaw tapandygyny öňe sürüp çykyş etdiler.

Prezidenti goldaýan “Musulman doganlygy” partiýasy eýýäm ses berişligiň birinji tapgyrynda ses berenleriň 57 prosentiniň konstitusiýany goldandygyny aýdýar. Ýöne referendumyň gutarnykly netijesi ses berişligin ikinji tapgyryndan soň yglan ediler.

Ses berişligiň ikinji tapgyry geljek şenbe güni geçiriler. Prezident Muhammad Mürsi we onuň yslamçy tarapdarlary täze konstitusiýanyň demokratik prinsiplere esaslanýandygyny öňe sürýärler.

Emma Müsüriň dünýewi, liberal we hristian toparlary bu täze konstitusiýanyň çakdanaşa yslamlaşdyrylandygyny we onuň ynsan hukuklaryna berk çäklendirmeleri girizýändigini aýdyp, muny tankyt edýärler.
XS
SM
MD
LG