Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Orsýetiň baş diplomaty gepleşikler üçin Özbegistana bardy


Orsýetiň daşary işler ministri Sergeý Lawrow iki günlik sapar bilen Özbegistana bardy. Onuň dowamynda howpsuzlyk we söwda meselelerine garaljakdygyna garaşylýar.

Duşenbe güni Lawrow özüniň özbek kärdeşi Abdulaziz Kamilow bilen hem gepleşikleri geçirer.

Saparyň çäklerinde Owganystandaky meseleleriň hem maslahat ediljekdigi aýdylýar. Özbegistanyň Owganystan bilen serhet araçäkleri bar. 2014-nji ýyldan soň, Owganystandan Halkara güýçleriniň çykarylmagy bilen, regionda durnuksyz ýagdaýlaryň döremeginiň mümkindiginden howatyr edilýär.

Orsýetiň habar serişdelerinde Lawrowyň prezident Yslam Kerimow bilen hem duşuşmagynyň mümkindigi aýdylýar.
XS
SM
MD
LG