Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Orsýet: Ukrainanyň prezidenti Moskwa etjek saparyny soňa goýdy


Ukrainanyň prezidenti Wiktor Ýanukowiç, sişenbe güni Moskwa etjek saparyny soňa goýdy. Ol prezident Wladimir Putin bilen gepleşikleri geçirmegi planlaşdyrýardy.

Olar gazyň bahasynyň ýokarlanmagy baradaky meseleleri gepleşmegi göz öňünde tutýardylar. Orsýetiň prezidentiniň kömekçisi Ýuriý Uşakow, duşuşygyň duýdansyz soňa goýlandygyny aýdýar. Sebäbi gol goýulmaly dokumentleriň taýýarlanmagy üçin köp wagtyň gerekdigini aýdýar.

Ukraina her 1000 kuba metr üçin 430 amerikan dollary tölemekde kynçylyk çekýändigini aýdýar. Gazyň bahasynyň azaldylmagynyň deregine Ukraina Orsýet bilen ylalaşyk baglanyşmak üçin egilişige göwünsizlik bildirýär.

Orsýet Ukraninanyň gaz geçiriji turbasyndan özüne paý almak isleýändigini aýtdy. Şol gaz geçiriji turbasy arkaly Orsýetiň gazynyň köp bölegi Günbatar Ýewropa akdyrylýar.

Şeýle-de Orsýet Ukrainany “Gümrük birligine” goşulmaga çagyrýar. Onuň düzüminde Orsýet, Belarus we Gazagystan bar.
XS
SM
MD
LG