Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistanda Nyýazowyň hatyra güni bellenilip geçildi


Anna güni Türkmenistanda ýurduň ilkinji prezidenti Saparmyrat Nyýazowyň hatyra güni bellenilip geçildi. Türkmenistanyň awtoritar lideri Saparmyrat Nyýazow 2006-njy ýylyň 21-nji dekabrynda aradan çykypdy.

Türkmenistanyň resmi mediasy anna güni bu wakanyň ýyl dönümine gabatlanyp ýurduň metjitlerinde Saparmyrat Türkmenbaşynyň ruhuna bagyşlanylyp, ýörite aýat-töwirleriň okalandygyny habar berýär.

Anna güni Aşgabadyň etegindäki Gypjak obasyndaky Saparmyrat Türkmenbaşynyň maşgala mawzoleýinde-de uly sadaka çäresi geçirildi. Oňa Türkmenistanyň dini we jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, ýaşulular gatnaşdylar.

Türkmenistanyň resmi “Altyň asyr” internet saýty Saparmyrat Nyýazowyň türkmen halkynyň öňünde uly hyzmatlary bitirendigini belläp, onuň bitiren bu hyzmatlarynyň halkyň hakydasynda hemişelik ýaşajakdygyny nygtapdyr.
XS
SM
MD
LG