Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Nýu-Deli: Bir ýaş gyzyň zorlanmagy gazaply protestlere sebäp boldy


Şenbe güni Hindistanyň paýtagty Nýu-Delide bir ýaş gyzyň jynsy taýdan köpçülikleýin zorlanmagyna garşy gahar-gazap bildiren protestçileri dargatmak üçin polisiýa dubinkalary we göz ýaşardyjy gazlary ulandy.

Nýu-Deliniň merkezine ýygnanan müňlerçe protestçi “Zorlaýjylary dardan asyň!”, “Biz adalatlylygyň dabaralanmagyny isleýäris!” diýen ýaly şygarlary gygyryşdy.

Polisiýanyň resmileri protestçileriň polisiýanyň goragyny böwsüp, prezident köşgüne tarap geçmäge synanyşandyklaryny we netijede olary dargatmak üçin güýç ulanmaly bolandyklaryny aýdýarlar.

Raýatlaryň bu demonstrasiýasyna geçen hepde bir awtobusda alty sany erkek kişiniň 23 ýaşly gyzy jynsy taýdan zorlap, ony awtobusdan zyňmaklary bilen baglanyşykly waka sebäp boldy. Nýu-Deliniň keselhanasynyň resmileri bu gyzyň häzirki wagt saglyk ýagdaýynyň agyrdygyny aýdýarlar.
XS
SM
MD
LG