Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Karzaý korrupsiýada daşary ýurtlary aýyplaýar


Hamid Karzaý: “Korrupsiýanyň ägirt uly bölegi biziň hökümetimizi gowşatmak üçin biziň boýnumyza dakylan zat. Biziň munda günämiz ýok”.
Hamid Karzaý: “Korrupsiýanyň ägirt uly bölegi biziň hökümetimizi gowşatmak üçin biziň boýnumyza dakylan zat. Biziň munda günämiz ýok”.
Şenbe güni Owganystanyň prezidenti Hamid Karzaý öz ýurdunda giň ýaýran korrupsiýa problemasynda daşary ýurtlaryň hökümetlerini aýyplap çykyş etdi.

Ol daşary ýurt hökümetleriniň döreden bu problemasynyň Owganystanda kanunçylygy ýola goýmak ugrunda öz alyp barýan tagallalarynyň öňüne-de böwet bolýandygyny aýtdy.

Owganystanyň telewideniýesinde görkezilen bu çykyşynda Hamid Karzaý Owganystanda daşary ýurtlularyň gümürtik işler üçin töleýän millionlarça dollar puly bilen deňeşdirilende ýerli para tölegleriniň ujypsyzja zatdygyny nygtady.

“Biziň munda günämiz ýok”

Prezident Karzaý öz çykyşynda: “Owganystanda korrupsiýanyň bardygy hakyky real ýagdaý, özi-de ajy reallyk. Biziň hökümet edaralarymyzdaky parahorluk ýaly zatlar korrupsiýanyň diňe kiçijik bölegi. Ýüz millionlarça dollarlary öz içine alýan korrupsiýanyň uly bölegi bize degişli hem däl. Korrupsiýanyň ägirt uly bölegi biziň hökümetimizi gowşatmak üçin biziň boýnumyza dakylan zat. Biziň munda günämiz ýok. Bu biziň kemçiligimiz däl” diýip, nygtady.

Ýüz millionlarça dollarlary öz içine alýan korrupsiýanyň uly bölegi bize degişli hem däl
Hamid Karzaý

Owganystanyň korrupsiýa garşy göreş gününe bagyşlanyp geçirilen maslahatda eden bu çykyşynda Hamid Karzaý parahorluga garşy netijeli göreşmek üçin öz hökümetiniň administratiw sistemasyny reformirlemelidigini we hökümet işgärlerine ýeterlik hak tölemelidigini belledi.

“Häzire çenli men parahorluga garşy göreş ýa-da hökümeti reformirlemek meselesinde nähilidir bir üstünlikleriň alamatyny görmeýärin. Biz henizem daşary ýurtlar bilen gatnaşyklara garaşly bolmagymyza galýarys. Parahorluga garşy göreşmek üçin biz öz administratiw sistemamyzy reformirlemeli” diýip, prezident Karzaý nygtady.

Owganystanyň prezidenti daşary ýurtlularyň Owganystanyň hökümetine öz täsirlerini ýetirmek maksady bilen bu ýurduň ýokary wezipeli resmilerine ýa-da olaryň dogan-garyndaşlaryna kontraktlary hödürleýändiklerini we, şeýtmek bilenem, korrupsiýanyň gülläp ösmegine giň ýol açýandyklaryny aýdyp, bu ýagdaýy ýazgardy.

NATO-nyň çykmagyna garaşylýar

Hamid Karzaý 2014-nji ýylda NATO-nyň güýçleriniň Owganystany terk etmeginiň korrupsiýanyň soňuna çykmaga ýardam etjekdigini aýtdy. Ol: “Daşary ýurt güýçleri Owganystany terk edenlerinden soň... olaryň kontraktlary-da, dolandyryşy-da kem-kemden ýok bolar” diýdi.

Häzirki wagt Owganystanda NATO-nyň 100 müň töwregi harbysy gulluk alyp barýar. 2014-nji ýylyň ahyryna çenli olar Owganystandan çykmaklygy planlaşdyrýarlar.

Donor ýurtlary we halkara donor toparlary NATO-nyň Owganystandaky harby operasiýalaryny bes etmeginden soň bu ýurda milliardlarça dollar maliýe ýardamyny bermekligi göz öňünde tutýarlar. Emma şeýle ýardamlary hödürlemezden özal olar Owganystanda korrupsiýanyň öňüne böwet bolunmagyny şert edip goýýarlar.

Halkara donorlary Owganystandaky ýagdaýlary durnuklaşdyrmak ugrunda alnyp barylýan tagallalaryň öňüne bu ýurtda giň ýaýran korrupsiýanyň böwet bolýandygyny aýdýarlar.

Şeýle hem, olar Owganystanyň hökümetini özüniň syýasy soýuzdaşlary bilen dahylly bolan korrupsiýa işleri boýunça jenaýat işlerini gozgamaýanlykda tankytlaýarlar.

Şu aýyň başynda “Transparency International” guramasynyň korrupsiýa barada ýaýradan hasabatynda Owganystan dünýäniň iň bir korrumpirlenen ýurtlarynyň hatarynda goýulypdy.
XS
SM
MD
LG