Şenbe güni Türkmenistanyn Mejlisiniň nobatdaky maslahatynda deputatlar birnäçe täze kanuny proýektlere we üýtgetmelere garadylar. Olaryň hatarynda “Köpçülikleýin habar serişdeleri” baradaky täze kanunyň taslamasy-da boldy.
Türkmenistanyň resmi habar agentligi bu kanuny taslamanyň “milli habar serişdeleriniň işini döwrüň talaplaryna hem-de ýurtdaky jemgyýetçilik-syýasy we demokratik ösüşleriň maksatlaryna laýyk getirmek” maksady bilen taýýarlanandygyny habar berýär.
Bu täze kanunyň taslamasy barada Mejlisde çykyş eden deputatlaryň habar serişdeleriniň işiniň kanuna hem-de moral-etiki normalara eýermekligiň çäklerinde alnyp gidilmelidigini belländikleri habar berilýär.
Ýöne, şeýle-de bolsa, köpçülikleýin habar serişdeleri baradaky ozalky kanunyň düzgünlerinden tapawutlylykda, Türkmenistanyň bu täze kanunynyň esasynda indi nähili täze düzgünleriň güýje giriziljekdigi barada häzirlikçe anyk maglumat berilmeýär.
Şenbe günki maslahatda Mejlisiň deputatlary şu we beýleki kanuny taslamalaryň ählisini biragyzdan kabul etdiler. Indi bu kanuny taslamalaryň doly güýje girmegi üçin olary prezident oz goly bilen tassyklamaly.
Şu günki gün Türkmenistandaky döwürleýin neşirleriň aglabasynyň uçreditel-howandary prezident G.Berdimuhamedow bolup durýar.

Мумкин белки мен ялнышяндырын ! Шу ерде бир зат бар :Эрдоган халкына вепалымы я-да Бердимухаммедов алабай итжагагаз бн халкына ,Путинамы? Болмаса Германиядан,Америкадан алсалар говы боларды дийжек болярын ! Бары егы 2-3 млн.халкымыз бар !
Gaty gereksiz hereketler, yokardakylaryn habary yokdugam belli, polisiya mhm isgarleri halka zulum etmekden basga isi yok! Ne diyilyan wahabi bar ne diyilyan dowlet adam ucin duzgunler!