Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Siriýa: Orsýet, Müsür atyşyklary togtatmaga çagyrýar


Orsýetiň daşary işler ministri Sergeý Lawrow (çepde) müsürli kärdeşi Muhammad Amr bilen Moskwada. 28-nji dekabr, 2012 ý.
Orsýetiň daşary işler ministri Sergeý Lawrow (çepde) müsürli kärdeşi Muhammad Amr bilen Moskwada. 28-nji dekabr, 2012 ý.
Orsýetiň daşary işler ministri Sergeý Lawrow Moskwada gepleşik geçirmek üçin gelen öz müsürli kärdeşi Muhammad Amr bilen duşuşdy. Bu duşuşykda Siriýadaky krizis barada hem pikir alşyldy.

Anna güni geçen gepleşiklerden soň Lawrow žurnalistlere: "Halkara arkalaşygy häkimiýet başyndan çekilmek üçin Siriýanyň prezidenti Başar al-Assada gysyş görkezmegi bes etmli. Gepleşikler üçin öňünden şert bellemekden saklanmaly" diýdi.

"Halkara arkalaşygy haýsy hem bolsa bir tarapy gandöküşiklige itermeli däl ýa öňünden şert bellemeli däl. Ol, gaýtam, uruşýan taraplary Ženewa kommýunikesi tarapyndan bellenen ýoly tutmaga höweslendirmeli" diýip, Lawrow nygtady.

Öten iýun aýynda Birleşen Milletler Guramasynyň Howpsuzlyk Geňeşiniň hemişelik bäş agzasy bilen Orta Gündogaryň ençeme ýurtlarynyň resmilerinden durýan wekiller Siriýada geçiş hökümetini gurmagyň dürli tapgyrlary hakda ylalaşdylar.

Anna güni geçen metbugat konferensiýasynda Lawrow Moskwanyň Siriýanyň oppozisiýasynyň agzalary bilen duşuşmaga taýyndygyny bildirdi: "Biz Kairdäki ilçihanamyzyň üsti bilen Siriýanyň oppozision koalisiýasynyň ýolbaşçylary bilen eýýäm arabaglanyşyk gurduk. Özümiziň koalisiýanyň başlygy Mouaz al-Hatip bilen duşuşmaga taýyndygymyzy bildirdik. Biz bu işi etmäge häzirem taýýar. Olaryň bular ýaly duşuşyga garşy däldiklerine düşünýäris".

Lawrow Assadyň 30-njy iýun kommýunikesiniň esasynda oppozisiýanyň wekilleri bilen gepleşige meýillidigini bildirdi.

Ýöne "DPA" habar gullugynyň anna güni Siriýanyň oppozisiýasynyň sözçüsi Walid al-Bunniniň "Biz diňe Assadyň maşgalasynyň hiç bir agzasyny öz içine almaýan syýasy çözgüdi kabul ederis" diýenini habar berdi.

Birleşen Millatler Guramasynyň we Arap Ligasynyň Siriýa boýunça ýörite wekili Lahdar Brahiminiň şenbe güni Moskwada Lawrow bilen gepleşik geçirmegine garaşylýar.

Orsýetiň daşary işler ministriniň orunbasary Mihail Bogdanowyň aýtmagyna görä, Brahimi, plan boýunça, ýanwar aýynda Birleşen Ştatlarda hem gepleşik geçirmeli.

Mundan ozal Lawrow penşenbe güni Moskwada Siriýanyň daşary işler ministriniň orunbasary Faýsal Makdat bilen duşuşdy.
XS
SM
MD
LG