Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Hameneýiniň “Facebook” sahypasy oňyn seslenme döredýär


Hameneýiniň “Facebook” sahypasynyň açylaly bäri onuň bu sahypasynda “halaýan” (“like”) diýen düwmäni basan adamlaryň sany 20 müňden-de geçdi.
Hameneýiniň “Facebook” sahypasynyň açylaly bäri onuň bu sahypasynda “halaýan” (“like”) diýen düwmäni basan adamlaryň sany 20 müňden-de geçdi.
Ýakynda Eýranyň baş ruhy lideri Aýatolla Ali Hameneýiniň “Facebook” sosial internet ulgamynda öz sahypasyny açmagy bilen, bu sahypada onuň tarapdarlarynyň we garşydaşlarynyň arasynda ýiti çekişmeler-de ýüze çykdy.

Bu çekişmelerde Eýranyň jemgyýetine degişli dürli meseleleriň we problemalaryň gozgalandygyna garamazdan, bu toparlaryň ikisem bir zatda welin birmeňzeş garaýşyň tarapynda bolup çykdylar. Ol hem Eýranda “Facebook” sosial saýtynyň hemmeler üçin elýeterli bolmalydygy baradaky garaýyş.

“Facebook” sosial internet saýty indi birnäçe ýyl bäri Eýranyň territoriýasynda petiklenen ýagdaýda.

Geçen hepde Eýranyň konserwatiw gazetlerinden biri bolan “Horasan” gazeti “Näme üçin olar ‘Faceboogy’ açmaly däl?” at bilen bir kommentariýa çap etdi. Bu kommentariýada gazetiň baş redaktory Muhammad Said Ahadian ýakynda “Facebook” saýtynda Aýatolla Hameneýiniň sahypasynyň açylmagy bilen bagly waka barada öwgüli garaýyşlary aýdýar.

Baş redaktor Muhammad Said Ahadian bu kommentariýasynda ýurduň baş ruhy lideriniň edarasynyň bu ädimini Eýranyň häkimiýetleriniň “Facebook” saýty bilen baglanyşykly meselä täzeçe garamak niýetleriniň bardygyny görkezýän bir alamat hökmünde baha beripdir.

Muhammad Said Ahadian öz kommentariýasynda: “Ýüz millionlarça ulanyjysy bolan bu örän amatly sosial saýty Hameneýiniň çuňňur, parasatly we täsirli garaýyşlaryny ýaýratmakda ulanmazlyk logika laýyk däl bir zat bolup görünýär” diýip belläpdir.

Şeýle garaýyşlar köpeldi

Geçen hepde edil şeýle garaýşy Eýranyň ozalky wise-prezidenti Mohammad Ali Abtahi hem aýtdy. “Facebook” saýtyndan aktiw peýdalanyjy jenap Abtahi Eýranyň baş ruhy lideri Aýatolla Ali Hameneýiniň bu saýtdan peýdalanmagynyň öwgä mynasypdygyny, çünki munuň ruhy lideriň häzirki zamanyň ösüşi bilen aýakdaş gitmek meýlini görkezýändigini nygtady.

“Facebook” saýtynda Aýatolla Ali Hameneýiniň şahsy sahypasy peýda bolaly bäri onuň bu sahypasynda şuňa meňzeş garaýyşlary ýazan raýatlar başga-da köp boldy. 13-nji dekabrda Hameneýiniň sahypasynyň açylaly bäri onuň bu sahypasynda “halaýan” (“like”) diýen düwmäni basan adamlaryň sany 20 müňden-de geçdi.

Aýatolla Hameneýiniň öz tarapdarlary-da ruhy lideriň “Facebook” saýtyndan peýdalanýan halatynda Eýran döwletiniň bu saýty petiklemeli däldigini aýdyp çykyş etdiler.

Hameneýiniň garşydaşlary bolsa ýurduň ruhy lideriniň-de “Facebook” saýtyndan peýdalanýandygyna salgylanmak bilen, indi bu saýty petiklemek üçin ýurduň häkimiýetlerinde hiç hili esasyň galmandygyny öňe sürýärler.
XS
SM
MD
LG