Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Jynsy taýdan zorlanan hindistanly gyz Singapurda aradan çykdy


Hindistanyň paýtagty Nýu-Delide alty sany erkek kişi tarapyndan jynsy taýdan zorlanyp, awtobusdan zyňlan 23 ýaşly gyz şenbe güni irden Singapuryň keselhanasynda aradan çykdy. Ol ýörite bejergi üçin penşenbe güni Nýu-Deliden Singapura alnyp gidilipdi.

Hindistanyň polisiýasy bu gyzy ýençmekde, ony jynsy taýdan köpçülikleýin zorlamakda we awtobusdan zyňmakda aýyplanylyp tussag edilen alty sany erkek kişä şu gün adam öldürmekde resmi jenaýat aýyplamasynyň bildirilendigini yglan etdi.

16-njy dekabrda ýüz beren bu wakadan soň Hindistanyň paýtagty Nýu-Delide müňlerçe adam bu jenaýatçylygy amala aşyran adamlara ölüm jezasynyň berilmegini hem-de şeýle jynsy zorluklary amala aşyrýan adamlara garşy çäreleri güýçlendirmekligi talap edip, yzly-yzyna demonstrasiýa geçirdiler.

Şenbe güni Hindistanyň polisiýasy nobatdaky protest çärelerinden ätiýaç edip, paýtagtdaky hökümet binasynyň töwereklerinde howpsuzlyk çärelerini has-da güýçlendirdi.
XS
SM
MD
LG