Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Moskwa: Uçar heläkçiliginiň sebäpleri öwrenilýär


Şenbe güni giçlik Moskwanyň “Wnukowo” aeroportunyň golaýyňda TU-204 kysymly uçaryň uçuş meýdançasyňdan çykyp, heläkçilige uçramagy netijesinde dört adam öldi.

Orsýetiň resmileri häzirki wagt bu heläkçiligiň sebäbini anyklamak üçin uçardaky “gara guty” diýlip atlandyrylýan ýazgy enjamyňyň öwrenilýändigini mälim etdiler.

Maglumata görä, “Red Wings” howa ýollar kompaniýasyňa degişli bu ýolagçy uçary Pragada ýolagçylary düşürip, Moskwanyň “Wnukowo” aeroportuna dolanyp gelende, aeroportuň gonuş meýdançasynda heläkçilige uçrapdyr.

Wakanyň bolan wagty uçaryň içinde diňe pilotlaryň topary bar eken. Heläkçilikde toparyň dort agzasynyň ölüp, beýleki dördüsiniň agyr ýaralanandygy habar berilýär.
XS
SM
MD
LG