Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Putin milli diller sapaklarynyň hökmanylygyny ýatyrdy


Duşenbe güni Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin ýurduň regionlarynda ýerli milli dilleriň okadylmagyny meýletin etmek barada täze kanuna gol çekdi.

Şu çaka çenli Orsýetiň ähli milli respublikalaryndaky mekdeplerde rus dili bilen bir hatarda respublikalaryň milli dilini öwrenmeklik-de okuwçylar üçin hökmanydy.

Putiniň gol çeken täze kanuny indi bu respublikalardaky ene-atalara öz çagalaryna ýerli milli dili öwredip-öwretmezlik meselesinde erkinlik berýär.

Bu täze kanunyň taslamasyna garşy Orsýetiň käbir milli respublikalarynda, şol sanda Çuwaş Respublikasynda, Tatarystanda we Başkyrdystanda-da protest demonstrasiýalary geçirildi.

Bu kanunyň tankytçylary bu täze kanunyň bu respublikalardaky onsuzam ýitip barýan milli dilleriň ýitip ýok bolmak prosesini has çaltlandyrjakdygyny aýdyp, muny tankyt edýärler.
XS
SM
MD
LG