Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Owganystanyň prezidenti Waşingtona sapar edýär


Owgan prezidenti Hamid Karzaý üç günlük resmi sapar bilen Waşingtona gitdi. Ol ýerde prezident Karzaý ABŞ-nyň prezidenti Barak Obama we beýleki ýokary derejeli resmiler bilen duşuşmagy planlaşdyrýar.

Geçiriljek gepleşikleriň dowamynda howpsuzlyk, ykdysadyýet we syýasy geçiş döwri bilen bagly meseleleriň maslahat ediljekdigi aýdylýar.

2014-nji ýylyň ahyryna çenli Birleşen Ştatlaryň we NATO-nyň ýolbaşçylygyndaky goşun Owganystany terk etmegi planlaşdyrýar.

Halkara güýçleri Owganystany terk edenden soň, owgan goşunyna ýardam etmek we türgenleşdirmek üçin ýurtda näçe goşunyň galdyrmalydygy baradaky sorag ABŞ-nyň we Owganystanyň prezidentleriniň öňünde duran esasy meseleleriň biridir.

Şeýle-de prezident Karzaý Owganystanyň Milli howpsuzlyk direktorynyň ýolbaşçysy Asadulla Halidini hem görmegi planlaşdyrýar. Halid Birleşen Ştatlarda saglyk ýagdaýy sebäpli bejergi alýar.
XS
SM
MD
LG