Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Hindistan Pakistany ganly wakada aýyplaýar


Hindistanyň ofiserleri sişenbe güni Kaşmir regionynyň serhet ýakasynda öldürilen iki esgerden biri Lans Naik Sudhakar Singhiň ýasyna gatnaşýarlar. Rajouri, 9-njy ýanwar, 2013.
Hindistanyň ofiserleri sişenbe güni Kaşmir regionynyň serhet ýakasynda öldürilen iki esgerden biri Lans Naik Sudhakar Singhiň ýasyna gatnaşýarlar. Rajouri, 9-njy ýanwar, 2013.
Hindistanyň daşary işler ministri Salman Hurşid dawaly Kaşmir regionynda iki sany hindi esgeriniň öldürilmegi bilen baglanyşykly wakany “bütinleý kabul ederliksiz” we “uly alada dörediji waka” diýip häsiýetlendirdi.

Ýöne, şol bir wagtyň özünde-de, ol bu bolan wakanyň iki bäsdeş ýurduň özara gatnaşyklaryny gowulandyrmak ugrundaky tagallalarynda yza gaýdyşlygyň bolmagyna sebäp bolmaly däldigini-de belledi.

“Her nähili waka ýüze çykan-da bolsa, biziň bu wakany dartgynlaşdyrmazlygymyz örän möhümdir. Biz örän gynandyryjy bu wakanyň dartgynlaşmagyna ýol berip bilmeris we ýol bermeli-de däldiris” diýip, Hindistanyň daşary işler ministri Salman Hurşid çarşenbe güni eden çykyşynda nygtady.

Hindistanyň Goranmak ministrligi iki esgeriň öldürilmegi bilen baglanyşykly bu wakanyň sişenbe güni Gimalaý daglarynda bu iki ýurduň serhet liniýasyny pakistanly esgerler kesip geçende ýüze çykandygyny aýdýar.

Hindistanyň harby resmileriniň aýtmaklaryna görä, bu hüjümde iki esgerden biri rehimsizlik bilen gynalyp öldürilipdir. Goranmak ministrliginiň metbugat sekretary “Frans-press” habar agentligine beren interwýusynda bu esgerlerden biriniň kellesiniň kesilendigini-de mälim etdi.

Pakistan inkär edýär

Çarşenbe güni Hindistanyň hökümeti bu bolan waka boýunça resmi ýagdaýda öz närazylygyny bildirmek üçin Pakistanyň Nýu-Delidäki baş diplomatyny gyssagly gürrüňdeşlige çagyrdy.

Hindistanyň goranmak ministri Arakaparambil Entoni bu barada şeýle diýdi:
“Pakistanyň armiýasynyň hereketi örän prowakasion hereket. Olaryň öldürilen hindistanly esgerleriň jesedine çemeleşişleri-de örän rehimsiz. Biz öz protestimizi Pakistanyň hökümetine ýetirmekçi. Şeýle hem, biziň harby operasiýalar boýunça baş direktorymyz hem özüniň pakistanly kärdeşi bilen bu meseläni maslahatlaşar. Biz ýagdaýa ýakyndan gözegçilik edýäris”.

Öz gezeginde Pakistanyň Goranmak ministrligi Hindistanyň bildirýän aýyplamalaryny geçen ýekşenbe güni Pakistanyň bir barlag punktuna hindistanly esgerleriň hüjüm etmegi bilen bolan wakadan jemgyýetçiligiň ünsüni sowmak üçin toslanyp tapylan “propaganda” hökmünde häsiýetlendirdi.

Pakistanyň resmileri bu gürrüňi edilýän wakada pakistanly esgerlerden biriniň ölendigini aýdýarlar.

Musulman ilatynyň agdyklyk edýän Kaşmir regiony Hindistan bilen Pakistanyň arasynda indi onlarça ýyl bäri konfliktlere sebäp bolup gelýär. Bu iki ýurduň ikisem 1947-nji ýylda Britaniýanyň agalygyndan azat bolanlary bäri bu regiony öz territoriýasy hasaplamaklaryny dowam etdirýärler.

2003-nji ýylda Gimalaý daglarynda Kaşmir regionyny ikä bölýän serhet liniýasyndaky harby konfliktler bes edilip, hüjüm etmezlik barada özara ylalaşyga gelnen-de bolsa, bu şertli serhet liniýalarynda ikitaraplaýyn hüjümler wagtal-wagtal ýüze çykyp durýar.
XS
SM
MD
LG