Waşingtonda Owganystanyň prezidenti Hamid Karzaý ABŞ-nyň diplomatlary bilen duşuşdy. Onuň dowamynda Owganystanyň geljegi babatynda ABŞ-nyň roly, şeýle-de 2014-nji ýyldan soň Owganystanda näçe amerikan esgeriniň galjakdygy baradaky meselelere garaldy.
Çarşenbe güni Karzaý senator Mitç Makkonnel, şeýle-de ýurduň daşary işler we harby edaralarynyň agzalary bilen gepleşik geçirdi.
Anna güni Karzaý ABŞ-nyň prezidenti Barak Obama bilen duşumagy planlaşdyrýar.
ABŞ we onuň ýaranlary 2014-nji ýylyň ahyryna çenli Owganystandan özleriniň goşunlaryny çykarjakdygy barada eýýäm karara geldiler. Ýöne ABŞ-nyň käbir goşuny owgan esgerlerini türgenleşdirmek we howpsuzlyk işlerinde kömek etmek üçin Owganystanda galmagy mümkin.

Ей Ынсан! Китай вакцинасынынг тасир етмеги 50% ден хем аз, онгадам хич хили делил йок
1,000 (müň) manat diýýän unuňyzyň bir kilogramy müň manatmy ýa 100 (ýüz) kilogramy? Ýa bir tonnasymy?