Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Gresiýanyň parlamenti salgytlar baradaky täze kanuny oňlady


Şenbe güni Gresiýanyň parlament deputatlary daşary ýurtlardan kredit almak üçin talap edilýän täze salgyt kanunynyň taslamasyny oňlap ses berdiler.

Salgytlary artdyrmak baradaky täze kanunyň taslamasyny 300 orunlyk parlamentiň 163 deputaty oňlap ses berdi. Gresiýanyň bu täze kanuny emläklere we girdejilere salynýan salgytlary ep-esli ýokarlandyrmaklygy göz öňünde tutýar.

Mundan maksat bolsa, döwleti maliýe krizisinden halas etmek üçin Ýewropa Bileleşiginiň fondlaryndan hem-de Halkara Walýuta Fondundan onlarça milliard ýewro kredit almakdan ybarat.

Daşary ýurtlaryň banklarynyň talaby boýunça kabul edilen täze düzgünler arkaly Gresiýa 2013-2014-nji ýyllaryň dowamynda 2.5 milliard ýewro pul tygşytlamaklygy göz öňünde tutýar.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG