Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Bu suratçy siziň başyňyzy aýlar

Derisi galýar, dodaklary gyşarýar, saçlary pasyrdaýar. Ýok, bu zombi däl, bu 29 ýaşly litwaly suratçy Tadao Kerniň iň soňky proýektleriniň biridir. Kern paýtagt Wilniusda ýaşaýar we ol “Blow Job” diýip atlandyrylýan suratlary bilen köpleriň ünsüni özüne çekýär. Ol güýçli ýeli adamlaryň, dokumentleriň ýüzüne serpikdirmek arkaly olary surata düşürýär. Kerniň aýtmagyna görä bu edil sagatda 300 km ýöräp barýan maşynyň aýnasyndan kelläňi çykaranyň ýalydyr. Beýle suratlar gülküli, geň we bimaza edijidir. Kern suratlaryň gizlin many aňlatmaýandygyny hem aýdýar. Bu diňe tomaşaçylary we gatnaşyjylary gowy güldürmek üçin edilen zatdyr. “Bu meniň garaýyşymdan hem köp bolup we şu sebäpden hem men edýän işimi gowy görýän. Şeýle-de her bir gün hem ýakymly garaşylmadyk pursatlardan dolydyr.”

Kern proýektiniň beýle meşhur bolmagyny, oňa estetika tarapdan ýakynlaşylmagynda görýär. “Başga-da şuňa meňzeş bir zat etjek bolan suratçylar bardy. Ýöne meniňkiler arassa we ýönekeý görnüşde bolandyklary üçin köp ünsi özüne çekdi. Olar aýdyň we sizi güldürýärler, bu diňe bir suratdakylaryň gülkünç görünýändigi üçin däl, eýsem olardaky adamlaryň hem gülýän ýaly bolup görünmesindedir.” diýip, Kern aýtdy.

Kern “Blow Job”-dan bir zady - “Muny ýönekeý tut” diýmegi öwrenendigini aýdýar. “Muny hemmeler bilýär, ýöne meniň özüm hem muny başdan geçirmelidim” diýip, Kern aýdýar. Ýönekeý görnüş barada aýdylanda Kern tarapyndan alnan yzarlanýan portret wirusly boldy. Işinde Kern Winsent Wan Gogyň 1889-njy ýyldaky meşhur portretini gaýtadan işleýär, ony diri mysal hökmünde ulanýar, geýindirýär we sanly bejerme bilen az kem degýär. (Wan Gohyň suratyny galereýamyzyň soňunda, aşakda görüp bilersiňiz).

Kern arhitektura boýunça magistratura bilim derejesine eýe bolup, ýöne ol suratçylykda täze bir zat etmäge synanyşýar. “Meniň adamlara maslahatym - durmuşyňyzda bir zat üýtgetmäge gorkmaň, bu köp zat talap eder, ýöne çykdajylar yzyna gaýdyp geler we synanyşyk özüni ödär. Siz köp zady öwrenersiňiz, özüňize buýsanarsyňyz we ahyr soňy durmuşyňyzy biderek geçirmäniňize özüňizi günäkär duýmarsyňyz” diýip, Kern aýtdy.

XS
SM
MD
LG