Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Liwiýa: Bengazide polisiýanyň ulagyna hüjüm edildi


Liwiýanyň Bengazi şäherinde hüjümçiler polisiýanyň maşynyna granat zyňyp, bir ofiseri ýaraladylar. Bu howpsuzlyk güýçlerine edilýän hüjümleriň soňkusy bolup durýar.

Bengazi bir ýyl öň Muammar Kaddafä garşy gozgalaňyň merkezi bolupdy. Indi ol ýerde howpsuzlyk güýçleri basdaş ýaragly toparlary kontrol astyna almak ugrunda darkaş gurýar.

Italiýan resmileri geçen hepde, Bengazidäki konsulhanasyna ýaragly hüjüm edileninden soň, ol ýerdäki işgärlerini wagtlaýynça çykarmak barada pikir edýändigini aýtdylar.

Geçen ýylyň 11-nji sentýabrynda Bengazide amerikan konsulhanasyna edilen hüjümde ABŞ-nyň ilçisi we ýene üç amerikaly öldürilipdi.
XS
SM
MD
LG