Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Pakistanly ruhany hökümete garşy demonstrasiýa geçirýär


Pakistanly ruhany Muhammad Tahir-ul-Kadri tarapdarlarynyň öňünde çykyş edýär, Yslamabat, 15-nji ýanwar, 2013.
Pakistanly ruhany Muhammad Tahir-ul-Kadri tarapdarlarynyň öňünde çykyş edýär, Yslamabat, 15-nji ýanwar, 2013.

Pakistanyň paýtagty Yslamabatda bir täsirli ruhany hökümete garşy demonstrasiýa geçirýän on müňlerçe protestçiniň öňünde çykyş etdi.

Muhammad Tahir-ul-Kadri hökümeti "syýasy ýolbaşçylygy başarmazlykda" aýyplap, Pakistanyň terrorizme garşy alyp barýan kampaniýasyny "galp" kampaniýa diýip atlandyrdy.

Ruhany: "Korrupsiýa mümkinçilik berýän şertler syýasy we sosial sistemadan aýrylmaly" diýdi.

Kadri şeýle hem hökümetiň halkyň howpsuzlygyny üpjün edip bilmeýänligini tankyt astyna aldy. Ol: "Hökümetiň onlarça ýyl bäri terrorizme garşy alyp barýan göreşi galp göreş" diýip, terrorizme garşy hakyky göreşi talap etdi.

"Syýasy ýolbaşçylar korrumpirlenip, etmeli işlerini başarmasa, parlament öz funksiýasyny ýerine ýetirip bilmese, terrorizme garşy göreşere başga ýol bolmaz. Onsoň barha artýan radikalizm, ekstremizm we terrorizm hadysasynynyň öňüni nädip alyp, ony ýurdmuzdan nädip ýok edip bolar? Biz öz ýurdumyzda, regionda we dünýäde howp astynda" diýip, ruhany Muhammad Tahir-ul- Kadri aýtdy.

Kadri: "Biziň uly we garaşsyz sudlarymyz tarapyndan höküm çykarylýar. Ýöne hökümet olary ýerine ýetirmäge taýyn däl" diýdi.

Ruhany ozal öz tarapdarlarynyň hökümeti sanlyja sagadyň içinde agdaryp biljekdiklerini aýdypdy. Ýöne ol bu gezek tarapdarlaryny parahatçylyga çagyrdy.

Kadri protestçileri çarşenbe güni hem galyp, öz üýşmeleňlerini dowam etdirmäge çagyryp, olaryň öňünde ýene-de çykyş etjekdigini aýtdy. Soňra hem: "Ertirden aňry galmak gerek bolmaz diýip umyt edýärin" diýip, sözüniň üstüni ýetirdi.

Pakistanyň hökümeti ençeme ýyldan soň öten aý Kanadadan dolanyp gelen ruhanyny ýaza planlaşdyrylan saýlawlary başa bardyrmazlyga synanyşýanlykda aýyplaýar.

Käbir adamlar hem Kadriniň maliýe çeşmesini sorag astyna alýarlar. Berilýän habarlarda onuň media kampaniýasy üçin köp pul çykdajy edýändigi aýdylýar. Ýöne Kadri bu pullaryň hökümetden närazy adamlar tarapyndan özüne berilýändigini aýdýar.

Pakistanyň hökümeti, paýtagtda goşmaça polisiýa we howpsuzlyk güýçlerini ýerleşdirip, kanun bozulyp, bidüzgünçilik edilse, agyr netijeleri bolar diýip, Kadri bilen onuň tarapdarlaryna duýduryş berdi.

Sişenbe güni Kadriniň käbir tarapdary bilen polisiýanyň arasynda çaknyşyk turdy, ýöne bu çaknyşyk uzak dowam etmedi. Polisiýa howa ok atyp, göz ýaşardyjy gaz ulanmak bilen tertip-düzgüni ornatdy.

XS
SM
MD
LG