Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Moskwa Bangladeşe ýarag üçin 1 milliard dollar karz berýär


Dünýäde ýarag eksporty boýunça ikinji orunda durýan Orsýet Bangladeşe ors ýaragyny satyn almak üçin, 1 milliard dollar karz bermegi planlaşdyrýar. Bu barada sişenbe güni Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin Moskwada Banlgadeşiň premýer-ministri Şeýh Hasina bilen eden duşuşygynda yglan etdi.

Putin Bangladeşiň Orsýetden nähili görnüşdäki ýarag satyn almagy isleýändigi barada maglumat bermedi.

Moskwanyň bu döwletiň birinji atom elektrik stansiýasyny gurmak üçin goşmaça 500 million dollar karz bermegi-de mümkin.

Orsýetiň “Rosatom” döwlet kärhanasy tarapyndan gurulmaly zawod 2014 ýylda bina edilip başlanar.
XS
SM
MD
LG