Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Amerikan sudýasy owgan gyrgynçylyk işinde saglyk barlagyny buýurýar


Birleşen Ştatlaryň harby sudýasy 16 sany owgan raýatyny öldürmekde aýyplanýan goşun seržanty Robert Beýlsiň resmi ruhy saglyk barlagyndan geçirilmegini buýurdy.

Sudýa Jeffriý Nans dördünji Robert Beýlsiň, jenaýat mahaly wagtlaýyn ruhy hassalykdan ejir çekenligi baradaky beýanatyny kabul etmezinden öň, ruhy sagdynlyk derňewinden geçirilmegini talap etdi.

Sagdynlyk derňewi bitarap doktorlar tarapyndan geçirilip, Beýlsiň jenaýat eden wagtyndaky ruhy ýagdaýyny kesgitlemeli.

Beýls geçen martda Owganystanyň Kandagar welaýatynda gije geçirilen reýdde bilkastdan adam öldürmekde aýyplanýar.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG