Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Aziýa: Jakartadaky silde ölenleriň sany 11-e ýetdi


Indoneziýanyň tebigy betbagtçylyklaryň zyýanyny azaltmak baradaky milli gullugy Jakartadaky sil hydysalarynda 11 adamyň ölendigini, 18 müňden gowrak adamyň bolsa öýlerini terk etmeli bolandygyny aýdýar.

Sözçi Sutopo Purwo Nugroho heläk bolan adamlaryň 15-nji ýanwarda, agyr ýagan ýagmyr suwlary şähere dolup başlanda ölendigini aýtdy.

Polisiýa anna güni adamlary göçürmek ýa-da henizem sil suwunyň gabawynda oturan ilata azyk eltmek üçin azyndan 40 sany rezin gämini işe girizdi.

Sil suwunyň ýykylan gaçylardan paýtagta dolmagynyň öňüni almak üçin, şol gaçylary bejermäge hem ýüzlerçe esgeriň sürlendigi habar berilýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG