Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Siriýa: Fransuz žurnalistiniň mergen okundan ölendigi aýdylýar


Siriýanyň oppozisiýa aktiwistleri Belgiýada doglan fransuz žurnalistiniň Aleppoda, hökümet bilen gozgalaňçy güýçleriň arasynda barýan soweş barada maglumat taýýarlaýan wagtynda ölendigini aýdýarlar.

Hökümete garşy aktiwistler Iwes Debaýyň penşenbe güni, siriýa goşunynyň mergeni tarapyndan atylyp öldürilendigini aýtdylar.

Bu maglumat garaşsyz çeşmeler tarapyndan tassyklanylyp bilinmedi.

Aktiwistler Debaýyň jesediniň we metbugat şahadatnamasynyň suratlaryny internetde ýerleşdirdiler.

Şeýle-de, öwrenjäniň düşüren wideoýazgysynda onuň jesedi görkezilýär.

Siriýa hökümeti bu habar barada hiç zat diýmedi.
XS
SM
MD
LG